Tramp ABŞ-nyň Ukrainadaky uruşda “batandygyny” we “ondan çykmalydygyny” aýtdy

ABŞ-nyň prezidentlik saýlawlarynda Respublikançylardan dalaşgär Donald Tramp

ABŞ-nyň prezidentlik saýlawlarynda Respublikançylardan dalaşgär Donald Tramp Birleşen Ştatlaryň Ukrainadaky uruşdan çykmalydygyny, şeýle-de Demokratik partiýadan wise-prezident Kamala Harris bilen prezident Jo Baýdeniň muny etmegi göz öňünde tutmaýandyklaryny aýtdy.

“Baýden bilen Kamala bizi Ukrainadaky urşa çekdi, indem olar bizi ondan çykaryp bilmeýär” diýip, Tramp 24-nji sentýabrda Jorjiýada eden çykyşynda belledi.

“Meniň pikirimçe, men prezident saýlanmaýançam, biz bu uruşda batyp galdyk. Men muny çözerin. Men ylalaşaryn, men çykararyn. Biz hökman çykmaly. Baýden ‘biz ýeňmeýänçäk gitmeris’ diýýär. Olar ýeňse näme bolar” diýip, Tramp sözüne goşdy.

Russiýanyň 2022-nji ýylyň fewralynda Ukraina garşy doly gerimli urşa başlaly bäri, Birleşen Ştatlar Kiýewe milliardlarça dollarlyk harby we gumanitar hemaýaty berdi, emma konflikte amerikan esgerlerini ýollamady.