Region görnüşleri # 1

Owgan aýallary ýylyň ilkinji düşen garyndan soň Kabulyň etegindäki baýyrda gezelenç edýärler. (epa-EFE/Ayatullah Amid)

Ýykylan jaýda ölen garyndaşlaryny soňky ýokuna ugradýan adamlar. Magnitogorsk, Orsýet. (AFP)

At arabasynda Harbindäki buz heýkelleriniň öňünde gezim edýän myhmanlar. Hytaýyň Heilongjiang welaýaty. (epa-EFE/Roman Pilipey)

Söwda bazaryndaky ýangynyň ýaýramagynyň öňüni almaga çalyşýan adam. Jalalabad. (Reuters/Parwiz)

Peşawarda, ýol ýakasynda arahis satýan sdatyjy. Pakistan. (epa-EFE/Bilawal Arbab)

Şweýsariýaly Killian Peier 67-nji Four Hills lyžaly böküş ýaryşynda üçünji synag böküşi wagtynda,  Innsbruck, Awstriýa. (AP/Matthias Schrader)

Owganystan. Guş toplumynyň işgärleri. Gandagarda 470 sany guş toplumy bolup, olarda her günde 30 tonna çemesi et, 130 müň ýumurtga öndürilýär. Bu kärhanalar 3 müň çemesi adamy iş bilen üpjün edýär. (epa-EFE/Muhammad Sadiq)

Doldurylan gapyrjaklary arkasyna alyp, dumanly säher köçede köke satýan adam.  Lahor, Pakistan. (Reuters/Mohsin Raza)

Merkezi Kiýewde pony aty bilen pyýada geçelgeden geçip barýan adam. (Reuters/Gleb Garanich)

Migrantlar üçin täzeden enjamlaşdyrylan ozalky ammar binasyndaky çadyrlaryň arasynda şar oýnaýan gyz. Tijuana, Meksika. (AP/Daniel Ochoa de Olza)

Sidiý, Awstraliýa.31-nji dekabr. Täze ýyl gijesinde, ýarygijeden öň asmana atylan feýerwekler. 
(AFP/Peter Parks)

2018-nji ýylyň iň soňky güni, günüň ýaşar çagynda sypal getirýän adamyň şekili. Lahor, Pakistan. (AP/K.M. Chaudary)

Liwan, gündogar Bekaa jülgesi, zahle şäheri. Näresmi bosgun lagerinde kepderileriniň uçuşyny synlaýan oglan. (AP/Hassan Ammar)

Aýazbaba lybasyny geýen adam gyşda ýüzüjiler klubynyň öwrenje agzasyna minus 26 derejeli sowukda doňan Ýeniseý derýasynyň üstünden ýöremäge kömek berýär. Krasnoýarsk, Russia. (Reuters/Ilya Naymushin)

Millionlap hindiniň gatnaşýan 45 günlük Kumbh Mela festiwalyndan öň Ýamuna derýasynyň üstünden geçýän demirýol köprüsiniň çyralaryna seredip duran adam. Allahabad, Hindistan.
Olar mukaddes derýanyň suwuna çümüp çyksalar, özleriniň ähli günälerinden saplanjakdyklaryna ynanýarlar. (AP/Rajesh Kumar Singh)