Gyrgyzystanly balçylaryň üç nesli ary gutulary bilen ýurdy aýlanýarlar. Bütin dünýäde howanyň üýtgemegi bu maşgalanyň rysgal girdejisine hem täsir ýetirýär: bal arylaryny daglarda has belende we ondan hem ýokary çykarmaly bolýarlar. Olar Eki Naryn jülgesiniň belentligine çykdylar. Syrderýa goşulýan kiçi derýalar şol ýerden gözbaş alýar.
Syrderýa Merkezi Aziýanyň iň uly derýalarynyň biri bolup, ol dört döwletiň – Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň hem Gazagystanyň içinden geçip, Aral deňzine guýýar. Azatlygyň Gazak gullugynyň žurnalisti we foto suratçysy Pýotr Trotsenko Syrderýanyň boýlarynda syýahatda bolup, derýanyň häzirki ýagdaýy, onuň boýunda ýaşaýan ýönekeý adamlaryň – balykçylaryň, söwdagärleriň, daýhanlaryň durmuşy barada gürrüň bermek isledi. Şeýle hem ol derýanyň problemalaryny öwrenýän hünärmenler bilen söhbetdeş bolup, päsgelçilikleri çözmegiň ýollaryny agtardy.
Belentlikdäki daglyk ýerleriň howa şertleri üçin gaty seýrek duş gelýän yssynyň bolmagyna garamazdan, göçme arylaryny görmäge barar Tynyçbek Satarow uzyn ýeňli köýnek, üstündenem galyň penjek geýipdir, başynda bolsa alny tor bilen örtülen panama bar. Galyň egin-eşik arylardan goranmak üçin gerek, ýogsa ol arynyň çakmagyna öwrenişendigini, muňa üns bermeýändigini aýdýar.
Tynyçbek 36 ýaşynda, ömrüniň on ýyldan gowragyny balçylyk bilen meşgullanypdyr. Maý – awgust aýlarynda, Gyrgyzystanyň daglaryndan, gülli meýdanlary gözläp aýlanýar.
Bal aryçylyk bilen Tynyçbekiň tutuş maşgalasy meşgullanýar: kakasy, uly dogany we iki ogly hem tomusky dynç alyşdan başlap, maşgalanyň bu umumy işine goşulýarlar.
— Agam arylaryny dagdan aňyrda, şol ýerde goýdy — diýip, Tynyçbek elini günorta tarapa salgaýar. — Biz bolsa kakam we çagalar bilen bu ýerde işleşýäris. Biz Çuý sebitinden başlaýarys, soňra Yssyk-Köle gidýäris. Eki Naryn biziň iň soňky düşelgämiz. Basym bu ýerde balyň iň soňky ýygymyny alyp, Bişkege dolanarys. Arylar soňky ýygnan balyny gyş üçin taýýarlaýarlar.
Eki Naryn jülgesiniň ady gyrgyz dilinde "iki Naryn" diýmegi aňladýar: bu ýerde iki dag derýasy – Uly Naryn we Kiçi Naryn birleşip, Naryn derýasyna goşulýarlar, ol bolsa Merkezi Aziýanyň möhüm suw ýollarynyň biridir. Naryn Fergana jülgesinden geçip, Özbegistandaky Karadarýa goşulyp, Syrderýany emele getirýär.
Tynyçbekiň sözüne görä, Eki Naryn jülgesinden toplanan ballar dermanlyk hasaplanýar hem alyjylaryň arasynda ýokary bahalanýar.
— Daglarda näçe beýik boldugyça, şonça-da gowy. Bu ýerde düzlüge ýa sähralyga garanyňda, bal az, ýöne bu ýeriň baly örän arassa hem tagamy aşa ýokary bolýar. Mysal üçin, Çuý sebitinde ösümlikleriň 30-a golaý görnüşi gülleýär, bu belentlikde bolsa, gülleýän ösümlikleriň görnüşi 15-den köp bolanok, şoňa görä-de Naryn baly Gyrgyzystanda ýokary bahalanýar.
Satarowlar arylar gül şirelerini ýygmak üçin, uzak aralyga uçmasynlar diýip, ary gutularyny mümkin boldugyça gülleýän öleňleriň golaýynda goýýarlar. Ary gutularynyň töweregi on müňlerçe ganatlaryň sesinden ýaňa güw berýär. Arylar kamera hem eliňe gonýarlar. Men olaryň daşyndan kamera bilen aýlanyp ýörkäm, Tynyçbek maňa gorag kostýumyny berdi.
Häzir Satarowlarda 130 guty ary bar, olarda 30 müňden gowrak ary bal ýygnaýar: «Olaryň on müňi nektar ýygnaýar, galanlarynyň hem işi ýeterlik; baly işleýärler hem çagalary idedýärler» diýip, balçy öz arylarynyň hyzmatyny düşündirýär.
Tynyçbek öz kärini söýýändigini aýdýar, bu oňa aňsat başardýar hem geljek möwsüme çenli maşgalasyny dolandyryp bilýär. Işiň kyn pursadynyň aryçylyga başlan döwürlerinde, ary gutularyny ýasap ýörkäler, köne tigir satyn alanynda bolandygyny ýatlaýar. Oňa köp güýç, köp tagalla hem pul gerek bolupdyr. Asyl käri kebşirleýji bolansoň, kakasy tigirli tirkewi göni manyda aýtsaň, eli bilen ýasap, köp kömek beripdir.
Arylaryň ýanyndaky tigirli öýde ary gutulary, bal alynýan çarh hem kiçijik iki gatly ýatar ýaly orun bilen naharlanar ýaly ýer bar.
Balçylygyň düýbüni tutan Rysbek Satarow şu ýyl 64 ýaşyny doldurdy. Golaýda ol pensiýa çykyp, häzir bütin wagtyny balçylyga bagyşlaýar hem agtyklaryny terbiýeleýär, wagty gelende olaryň maşgalanyň daýanjy bolup ýetişjegine umyt edýär.
Rysbek mydama arassa howada bolmagyň saglyk ýagdaýyna gowy täsir edýändigini aýdýar. «Eger bal arylary bolmasa, öýüň daşyndan elim taýakly aýlanardym» diýip, pensioner ýarym degişme, ýarym çyny bilen aýdýar.
Satarowlar alnan balyny bölekleýin satmaga synanyşýarlar – bu girdejili hasaplanýar. Käte möwsüm wagtynda balyň belli bölegini söwdagärlere lomaý satmaly bolýarlar. Dag balynyň bir kilogramynyň bahasy ortaça 500-600 somdan (takmynan 6-7 ABŞ dollary) geçýär.
Tynyçbekiň sözüne görä, gowy bal hasyly köp babatda, howa şertlerine baglydyr. Eger tomus juda gyzmasa, onda gül-gülälekler köp hem tozgaly bolýar, şoňa görä-de, balyň ýygnalmagynda hem kynçylyk bolmaýar. Emma daşarky gurşawyň üýtgemegi balçylara täsir edýär: howa ýyl-ýyldan gyzýar, tomusdaky dereje barha artýar. Göçüp-gonup işleýän balçylar daglaryň has belendine, salkynlygyň hem çyglylygyň bar ýerine ýokary çykmaly bolýarlar.
Eki Naryn jülgesi, Tynyçbekiň aýtmagyna görä, aryçylyk üçin diýseň amatly ýer, sebäbi owaly bilen golaýda uly suw bar: «Golaýdan derýa akýar, otlar tereň, gül köp dürli, şonuň üçinem bal ýakymly ysly bolýar».
Ýakynda Satarowlar Naryn daglaryndaky kösükli gülleriň şiresinden alnan ak bal topladylar, bu örän şypa beriji bal hasaplanýar. Tynyçbekiň aýtmagyna görä, ol baly derrew satyn alýarlar. Esparset daglardaky kösükli otlar bolup, haýwanlary gowy iýmitlendirip, köp gülleýän, hatda aşa yssyda-da nektar goýberýän ösümlik.
Gürrüňi daşky gurşaw baradaky meselä öwrüp, Tynyçbekden arylaryň köpçülikleýin ölüminiň sebäbini soraýaryn. Bu ýagdaýa bütin dünýäde bal arylaryny saklaýanlar onlarça ýyl bäri syn edip gelýärler. Ol şeýle heläkçilik barada eşidendigini, ýöne öz hususy arylary bilen bagly beýle ýagdaýyň bolmandygyny aýdýar.
— Eger biziň sebitimizde arylar ölýän bolsa, munuň sebäbi diňe daýhanlar köp himiki maddalary ulanýarlar. Häzir himiýasyz hiç zat ösmeýär – diýip, Tynyçbek aýdýar. – Klubnika, malina, alma – hemmesi himikat bilen ýetişýär, ony nädip iýýändiklerini bilemok. Şoňa görä-de, men gök önüm, ir-iýmişleri ençeme ýyldan bäri tanaýan ynamdar daýhanlarymdan satyn alýaryn. Men başga zatlary özüm iýmezlige we çagalaryma-da bermezlige çalyşýaryn.
Dagda otlar solup, bar bal ýygnalanda, Satarowlar ary gutularyny ýygnap, şähere gaýdýarlar-da, geljek ýylyň möwsüme taýýarlanýarlar.
Tynyçbek Gyrgyzystanyň howa şertleriniň ýene köp ýyllap balçylykda işlemegine, diňe çagalaryna däl, eýsem agtyklary üçinem ýeterlik mümkinçilik berjekdigine umyt edýär.