The Insider: Russiýa ÝB-den mergen ýaraglaryny almagyny dowam etdirýär

Bezeg suraty

Russiýa, Ýewropa Bileleşiginiň girizen embargosyna garamazdan, goňşy ýurtlaryň üsti bilen, Günbatar kompaniýalarynyň öndüren müňlerçe mergen tüpeňini we millionlarça okuny alýar diýip, “Insideriň” Çehiýanyň Investigace.cz, Italiýanyň IrpiMedia we Gazagystanyň Vlast.kz neşirleriniň bilelikde geçiren derňewinde aýdylýar.

Žurnalistler Ýewropa Bileleşiginiň, ABŞ-nyň we Türkiýäniň kompaniýalarynyň soňky ýyllarda Ermenistana, Gürjüstana, Gazagystana, Gyrgyzystana we Özbegistana ýarag ibermegini ýygjamlaşdyrandygyny anykladylar.

Bu ýurtlara her ýyl on müňlerçe ýarag getirilýär diýip, habarda aýdylýar.

"Ermenistana, Gürjüstana, Gazagystana we Gyrgyzystana edilýän ýarag eksporty üç ýylda iki ýarym esse artdy: 2020-nji ýylda 19,556 tüpeň iberilen bolsa, 2023-nji ýylda bu görkeziji 53,211-e çenli ýokarlandy" diýip, habarda bellenýär.