The Eurasian Times: Moskwa Phenýanyň esgerlerine derek uçar hödürleýär

MiG 29. Bezeg suraty

Pentagonyň ýokary derejeli resmisi Russiýanyň Demirgazyk Koreýa bilen Moskwanyň Ukrainadaky urşa gatnaşýan esgerleriň deregine Phenýana MiG-29 we Su-27 söweş uçarlaryny ibermek ylalaşygyna gelendigini aýtdy diýip, “The Eurasian Times” neşiri habar berýär.

ABŞ-nyň Hindi-ýuwaş umman serkerdeliginiň başlygy, admiral Samuel Paparo bu sözleri 7-nji dekabrda, Reýgan adyndaky milli goranyş forumynda aýtdy.

Paparo bu ylalaşygyň Russiýanyň Demirgazyk Koreýany "dördünji nesil söweş uçarlary" bilen üpjün etmegini öz içine alýandygyny belledi.

Paparo näçe uçaryň beriljekdigini anyklaşdyrmady. Admiral Phenýanyň bu ylalşyk esasynda eýýäm, rus goşunlary bilen bilelikde Ukrainanyň ýaragly güýçlerine garşy söweşmek üçin, 12000 töweregi esger iberendigini aýtdy.

Demirgazyk Koreýa ukrain urşuna iberen esgerleriniň deregine, belki-de diňe uçar däl, has uly zat almak isländir. Paparonyň sözlerine görä, Phenýan, megerem, has ösen harby tehnologiýalara, şol sanda ballistik raketalaryň oklaryna, ösen suwasty ulgamlara, döwrebaplaşdyrylan howa goranyş mümkinçiliklerine göz dikýär.

Bu hili söwda, admiralyň pikiriçe, Demirgazyk Koreýanyň sebitdäki harby ornuny pugtalandyrar.