TH: Arkadagyň açylyşyna iberilen ýaşuly öýüne gaýdyp gelýärkä ýolda aradan çykdy

Arkadag şäheriniň açylyş dabarasyna gatnaşan ýaşulular

Lebap welaýatyndan Arkadag şäheriniň açylyş dabarasyna iberilen ýaşuly öýüne gaýdyp gelýän mahaly, ýolda aradan çykdy. Bu barada garaşsyz neşir “Türkmenistanyň Hronikasy” öz ýurt içindäki habarçylaryna salgylanyp, 4-nji iýulda habar berdi.

Ahal welaýatynda gurlan şäheriň birinji tapgyrynyň açylyş dabarasy 29-njy iýunda, öňki prezident, häzir Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň doglan gününde boldy. G.Berdimuhamedowyň lakamyny göterýän şäheriň açylyşyna ýurduň dürli welaýatlaryndan ýaşulularyň, býujet işgärleriniň ýüzlerçesi iberildi.

“Açylyşa gatnaşan ýaşulular 30-njy iýunda sagat 16:30-da Aşgabatdan Türkmenabat şäherine barýan otly bilen öýlerine dolandylar. Ertesi gün irden otly ‘Repetek’ stansiýasyna golaýlanda, otlynyň kupesindäki beýleki ýaşulular prowodnigi çagyryp, Garabekewül şäheriniň ýaşaýjysy, 69 ýaşly ýoldaşynda ýaşaýyş-durmuş alamatlarynyň görünmeýändigini aýtdylar” diýip, garaşsyz neşir belleýär.

Degişli maglumat Arkadagyň açylyşynda "Arkadagyň" özi görünmedi

Maglumatda otly stansiýa ýetende, ol ýerde garaşyp duran polisiýa işgärleriniň şaýatlar bilen söhbetdeşlik geçirendigi we waka barada hasabat taýýarlandygy hem aýdylýar.

“Polisiýa ýaşulynyň jesedini lukmançylyk barlagyndan geçirilmegi üçin Türkmenabatdaky morga iberdi. Lukmanlaryň çykaran netijesine görä, ýaşulynyň ölümine ýiti ýürek näsazlyklary sebäp bolupdyr” diýip, neşir ýaşulynyň jynazasynyň 1-nji iýulda Garabekewülde geçirilendigini ýazýar.

Azatlyk bu ýagdaýlary özüniň ýurt içindäki habarçylaryna we çeşmelerine häzirlikçe tassykladyp ýa inkär etdirip bilmedi. Bu barada Lebap welaýat häkimliginden, saglygy goraýyş bölüminden we Polisiýa müdirliginden hem kommentariýa alyp bolmady.

“Altyn Asyr” telekanalynyň maglumatlarynda açylyş dabarasynda, howanyň temperaturasy gündizlerine 40 gradusa golaýlaýan şu günlerde, ýaşulularyň açyk meýdanda çapak çalyp duran pursatlaryny görse bolýar.

Türkmenistanda açylyş dabaralaryna, baýramçylyk we halkara çärelerine býujet işgärlerini, ýaşululary we çagalary gatnaşdyrmak tejribesi ýurt garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllaryndan bäri dowam edýär.

Degişli maglumat Türkmenistanda täze Arkadag şäheriniň açylmagyna uly taýýarlyk görülýär

Käte aýazly sowukda ýa-da jokrama yssyda geçirilýän bu çäreleriň dowamynda ýaşulularyň, çagalaryň we býujet işgärleriniň birnäçe sagatlap suwsuz we azyksyz galýan pursatlary hem bolýar.

Azatlyk bilen söhbetdeş bolan türkmenistanlylar bu ýagdaýlar sebäpli çärä gatnaşýanlaryň arasynda saglyk ýagdaýynyň ýaramazlaşmagy, käte olaryň keselhana ýerleşdirilmegi bilen bagly wakalaryň bolýandygyny onlarça gezek gürrüň berdiler.

2020-nji ýylda Türkmenabadyň metjidiniň açylyşyna mejbury çekilen gartaşan raýatlaryň hataryndan süýji keselli bir ýaşulynyň, taýýarlyklaryň depginine çydaman, huşuny ýitirendigi mälim bolupdy.

Dünýäniň iň bir ýapyk we repressiw ýurtlarynyň biri hasaplanylýan Türkmenistanyň häkimiýetleri bu habarlara hiç hili reaksiýa bildirmeýärler.

Ýurduň berk döwlet gözegçiligindäki mediasy hem, Arkadag şäherini giňden mahabatlandyrmagy häzirki güne çenli dowam etdirse-de, onuň açylyşynyň öň ýanynda geçirilen mejbury taýýarlyklar we ýowarlar, şeýle-de çäreleriň gatnaşyjylaryň saglygyna ýetiren täsirleri barada habar bermeýär.

Gurluşygy 5 milliard dollar boljakdygy mälim edilen Arkadag şäheri Türkmenistanda agyr ykdysady krizisiň dowam edýän wagtynda guruldy.

Degişli maglumat Welaýatlarda saýlanan adamlar Arkadag şäheriniň açylyş dabarasyna iberilýär

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.