Telegramyň başlygy Pawel Durow meşhur habarlaşma programmasyndaky ekstremist we bikanun mazmunyň öňüni almazlykda aýyplanyp, kazyýet gözegçiligine alyndy diýip, Pariždäki prokuratura edarasy 28-nji awgustda habar berdi.
Durowyň hepdede iki gezek polisiýa bölümine gelip-gitmegi we Fransiýadan çykmazlygy talap edilýär diýip, prokuraturanyň X plaformasynda ýerleşdirilen habarynda aýdylýar. Şeýle-de, Pariždäki derňewçi kazylar Telegramyň egindeş esaslandyrjysynyň we Russiýada doglan baş müdiriniň 5 million ýewro girew tölemegini buýurdylar.
Durow 24-nji awgustda Parižiň daşyndaky Le Bourget howa menzilinde tussag edildi we soraga çekildi.
Fransuz metbugatynyň habarlaryna görä, bu çäre Fransiýanyň Içeri işler ministrliginiň kämillik ýaşyna ýetmediklere garşy jenaýat işini derňeýän ýörite bölüminiň talaby boýunça görüldi.
Durowa garşy bildirilýän aýyplamalar onuň platformasynyň çagalara jyns taýdan zor salmak we neşe gaçakçylygy üçin ulanylýandygy barada aýdylýanlary, Telegramyň, kanun talaby esasynda, derňewçiler bilen maglumat ýa-da resminama paýlaşmakdan ýüz öwürmegini hem öz içine alýar.
Degişli maglumat Türkmenistanda VPN ussalary Durowyň tussaglygyndan soň gazanjyny ýitirmekden howatyrlanýar