Tehnologiýany gadagan edýän festiwal. Bolgarlar milli baýramy nähili geçirýärler

Ýewropanyň iň deňsiz-taýsyz medeniýet festiwallarynyň birine gatnaşmak üçin, milli egin-eşikdäki on müňlerçe adam Bolgariýada, uly oduň daşyna ýygnandylar.

Olaryň ählisi mobil telefonsyz we başga aragatnaşyk ýa tehniki enjamsyz. Diňe açyk tebigat hem adamlar, olar bütin gije tans edýärler. Bu Bolgariýanyň «Žerawna» atly täsin festiwaly. Ol şol ady göterýän obanyň golaýynda geçirilýär.

Adamlar festiwala barýarlar.

Milli egin-eşiklere bezelen bu halkara festiwaly Bolgariýanyň gündogarynda ýerleşýän Žerawna obasynda, 2008-nji ýyldan bäri her ýyl geçirilýär. Onuň berk şertleri bar.

Agaja berkidilen bildirişler telefonlaryň we kameralaryň bolmaly däldigini ýatladýar.

Festiwalyň geçýän çäginde kameralary we mobil telefonlary ulanmak gadagan, oňa gatnaşmaga diňe milli egin-eşikde bolanlara ýa-da taryhy eşik geýenlere rugsat edilýär.

Tans arasynda kölegede dynç alyp oturan jübüt

Beýle berk düzgüne garamazdan, belki-de, şolar sebäpli bu çäre Balkan sebitinde, tomusky iň meşhur festiwallaryň birine öwrüldi. Guramaçylaryň aýtmagyna görä, şu ýyl oňa 25 müňe golaý adam gatnaşdy. Bu baýramçylygyň taryhynda iň ýokary görkezijidir.

Ýewgeniý Çakarow

Baýramçylyga gatnaşyjy Ýewgeniý Çakarowyň sözi bilen aýdylanda, bu çäre «Bolgariýadaky iň meşhur bolgar wakasydyr».

Aýtmagyna görä, onuň birnäçe ýylyň dowamynda ýygnan egin-eşiginiň bahasy iki müň dollara barabar bolupdyr.

Bolgariýanyň Warna şäheriniň ýaşaýjysy Çakarow makedon däbinde geýnipdir. Ol muny özüniň "gowy görýän milli egin-eşigidigini" boýun alýar.

Daniýel bilen Iwan sofiýaly, olar haýduklar ýaly geýnipdirler. 1500-nji ýyllarda Merkezi we Gündogar Ýewropada osmanly güýçlere garşy söweşýän haýduk daýhanlary şeýle geýnipdir.

Festiwalyň geçirilýän çägine plastik gap getirmek gadagan.

Milli egin-eşikli bolgar zenany

Festiwalyň guramaçylary oňa gatnaşmak isleýänleriň "üç günüň dowamynda, tehniki täzeliklerden doly aýrylyşmaga we medeni köklere dolanmaga" taýýarlyk görmelidigini aýdýarlar.

Ata bilen gyzy taryhy ýaraglary görkezýän dükanyň alnynda. Sergileriň käbiri rus-türk urşuna we Bolgariýanyň topragyndaky beýleki söweşlere gatnaşypdyr.

Elde ýasalan pyçaklary satýan adam

Sazandalar we tansçylar

Festiwalyň dowamynda iň gowy egin-eşikler we däp bolan bolgar tansy üçin bäsleşikler guraldy, şeýle-de, közüň üstündäki tans boldy.

Iň esasy dabaraly pursat äpet ot tutaşdyrylanda başlandy.

Bir adam ot ýakylmazdan öň Bolgariýanyň baýdagyny galdyrýar.

Agşam sagat 10-dan soň, müňlerçe adam el-ele berip, milli däpdäki tansy ýerine ýetirdiler. Ýüzýyllyk taryhyň dowamynda Bolgariýa üçin wepat bolanlaryň hatyrasyna elleri ýanýan kesindili adamlaryň gussaly ýörişinden soň, ol kesindileri ýeke-ýekeden oda atdylar.

Mähelle oduň alawlap ýanşyny synlaýar.

Bu baýramçylyga halaşýan gyzy Liliana Twanowa bilen gatnaşan Walentin Wasilýew Azatlyk Radiosyna alawyň töwereginde bolan köpçülikleýin tansyň "biçak täsindigini" aýdýar: «Siz beýle güýji diňe şu ýerde, ýylda bir gezek alyp bilersiňiz».

Oduň daşynda tans edýänler. Esasy orunda däp bolan milli sazlara tans edilýär (suratyň sag burçunyň aşagynda sazandalar görünýär).

Wasilýewiň aýtmagyna görä, oduň töwereginde müňlerçe nätanyş adamlar bilen tans edip ýörkä, ol özüniň "ata-babalarymyza dolaýan energiýa zynjyrynyň bir bölegine" öwrülendigini duýupdyr.