12-nji dekabrda Russiýanyň Tatarystan respublikasynyň Ýokary sudy aşaky kazyýet tarapyndan Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň baýry žurnalisti Alsu Kurmaşewa çykarylan tussaglyk hökümini öz güýjünde galdyrdy, şeýle-de onuň tussaglykdaky möhletini bir gün, ýagny 4-nji fewrala çenli kemeltdi.
1-nji dekabrda Tatarystanyň paýtagty Kazanyň sudy 18-nji oktýabrdan bäri tussaglykda saklanýan Kurmaşewanyň tussaglyk möhletini iki aýa, ýagny 5-nji fewrala çenli uzaldypdy.
ABŞ-nyň we Russiýanyň goşa raýatlygyna eýe bolan, Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Tatar-Başkyr gullugynda işleýän we Pragada ýaşaýan žurnalist Kurmaşewa maý aýynda, maşgaladaky adatdan daşary ýagdaýlar sebäpli Russiýa gitdi.
Ol 2-nji iýunda, yzyna uçmak üçin Kazan howa menzilinde uçaryna garaşýan wagtynda wagtlaýyn saklanyp, elindäki ABŞ we rus pasportlary konfiskasiýa edildi. Şondan bäri ol Russiýadan çykyp bilmeýärdi.
Kurmaşewa 18-nji oktýabrda tussag edildi we daşary ýurt agenti hökmünde hasaba durmazlykda aýyplandy. Bu aýyplama esasynda oňa bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum edilmek howpy abanýar.
Russiýa 2012-nji ýyldan bäri "daşary ýurt agenti" diýlip atlandyrylýan kanunlary hökümet syýasatyny tankytlaýanlara ýarlyk dakmak we jezalandyrmak üçin ulanýar.
Şeýle-de, Kreml Ukraina urşuna başlaly bäri, bu kanunlar Russiýadaky raýat jemgyýetini we metbugat toparlaryny ýapmak üçin barha köp ulanylýar.