Özbegistanda täsirli jenaýat ketdesi Salim Abduwaliýew ýaraglary we partladyjylary bikanun saklamak we daşamak aýyplamalary boýunça günäli tapylsa, oňa 10 ýyla çenli türme tussaglygy berlip bilner.
Bu barada 13-nji dekabrda Daşkendiň şäher polisiýasynyň başlygynyň orunbasary Doniýor Taşhojaýew mälim etdi.
73 ýaşly Abduwaliýew ýakynda guramaçylykly jenaýat toparlaryna garşy geçirilen reýdleriň dowamynda tussag edilipdi.
Abduwaliýewiň özbek resmileri, şeýle-de “Doganlaryň halkasy” hem atlandyrylýan neşe gaçakçy tory bilen aragatnaşygynyň bardygyna ynanylýar.
Bu toparyň düzümine Gyrgyzystanda ýakynda polisiýanyň reýdi dowamynda öldürilen, gyrgyz jenaýat ketdesi Kamçybek Kolbaýew hem giripdi.