Lebabyň Türkmenabat şäherindäki ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary Konstitusiýa we Baýdak güni mynasybetli geçiriljek köpçülikleýin çärä gatnaşmaga taýýarlanýarlar. Döwlet telewideniýesi üçin öňünden reportaž taýýarlamaga niýetlenen bu çärä edara-kärhanalaryň işgärleri hem gatnaşmaly edildi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 14-nji maýda sebitden maglumat berdi.
“16-njy maýda Bitarap türkmenistan köçesiniň ugrunda ýerleşýän stadionda geçiriljek çärä orta hünär mekdepleriň talyplary bilen bir hatarda, Seýitnazar Seýdi adyndaky mugallymçylyk institutynyň 1-nji, 2-nji we 3-nji kurs talyplary gatnaşmaly edildi. Çäre Konstitusiýa we Baýdak gününe bagyşlanyp, döwlet telewideniýesi üçin ýazgy edilýär” diýip, institutyň bir talyby anonim şertde habarçymyza gürrüň berdi.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Döwlet baýdagynyň güni 18-nji maýda bellenilýär. Bu sene mynasybetli edara-kärhanalarda we guramalarda işlenilmeýär, okuw jaýlarynda sapak geçilmeýär.
Degişli maglumat Konstitusiýa, Baýdak güni, Pyragynyň ýubileý toýy mynasybetli içerki migrantlar paýtagtdan kowulýarÇäräniň dowamynda talyp gyzlar gyzyl reňkdäki milli toý lybasynda we talyp oglanlar, howanyň temperaturasynyň 36 gradusa çenli ýetýän şu günlerinde, hökmany ýagdaýda gara kostýum-jalbarda bolmaly edildi.
“Ýigitler uly we gyzlar kiçi döwlet baýdaklaryny galgatmaly. Gyzlaryň ellerinde ak reňkli şarlar hem bolmaly edildi” diýip, şäheriň orta hünär mekdepleriniň birinde okaýan okuwçy anonim şertde gürrüň berdi.
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň bilim resmileri talyplary çärä alyp gitmek üçin şäher içinde jemgyýetçilik transport gatnawlaryny amala aşyrýan awtobuslary kireýine tutýarlar.
“Munuň üçin her talypdan 5 manat ýol puly jemlenýär. Ähli talyplar ýokary okuw jaýynyň arka tarapynda, umumy ýaşaýyş jaýynyň öňünde toplanmaly edildi” diýip, institutyň talyby aýtdy.
Azatlygyň Türkmenabadyň şäher häkimligindäki ynamdar çeşmesiniň tassyklamagyna görä, döwlet telewideniýesi üçin öňünden reportaž taýýarlamaga niýetlenen bu çärä döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleri hem gatnaşmaly edildi.
“Çärä býujet işgärleri, şol sanda aýal we erkek mugallymlar hem gatnaşar. Şäherdäki saglyk öýleriniň her birinden-de bir sany maşgala lukmany we bir sany şepagat uýasy çäre gatnaşmaly edildi. Olara çärede gaýragoýulmasyz ýagdaý ýüze çykanda ilkinji kömegi bermelidikleri duýduryldy” diýip, çeşmämiz aýtdy.
Degişli maglumat Dünýä Türkmenleri: Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy bellenilýärAzatlyk gürrüňi edilýän çäre we oňa görülýän taýýarlyklar barada ýerli häkimiýetlerden, şol sanda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinden resmi teswir alyp bilmedi.
Türkmenistanda şu hepdäniň ahyrynda belleniljek Konstitusiýa we Baýdak gününe, hem-de Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli geçiriljek medeni çärelere giň gerimli taýýarlyk görülýär.
Azatlygyň Balkan welaýatyndaky habarçysy 13-nji maýda beren maglumatynda Aşgabatda geçirilýän medeni çärelere günbatar sebitden 500 çemesi býujet işgäriniň mejbury tomaşaçy hökmünde iberilendigini habar berdi.
Şol bir wagtda, bu çäreler bilen baglylykda welaýatlardan paýtagta gelip zähmet çekýän içerki migrantlar gyssagly ýagdaýda öz ýaşaýan welaýatlaryna mejbury iberilýär.
Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly 13-nji maýda geçirilen mejlisinde welaýatlaryň häkimleri öz sebitlerinde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdiler. Resmi metbugat hasabatyň jikme-jiklerini aýdyňlaşdyrmady.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.