17-nji sentýabrda Owganystanyň “Talyban” dolandyryjylarynyň Saglyk ministrligi aşa-berk toparyň ýurtda möhüm poliomiýelit sanjymlaryny gadagan edýändigi ýa-da ony gijikdirýändigi baradaky maglumatlary ret etdi.
Ministrligiň metbugat wekili Şarafat Zaman bu baradaky habarlary ýalan atlandyrdy, şeýle-de poliomiýelit sanjymlaryny togtatmak barada resmi görkezmäniň bolmandygyny aýtdy. Zamanyň sözlerine görä, “Talyban”, tersine, sanjym kampaniýasyny jemgyýete peýdaly boljak görnüşde kanuny we tehniki ýagdaýda alyp barýar.
Mundan bir gün öň, AP habar gullugy Bütindünýa Saglyk Guramasynyň bir resmisine salgylanyp, sanjymlary öýme-öý aýlanyp urmagyň deregine, muny sebitlerdäki metjit ýaly ýerlerde amal etmek barada maslahat edilýändigini habar berdi.
“Talybanyň” 2021-nji ýylyň ortalarynda Owganystanda häkimiýeti gaýtadan ele geçireli bäri, ýerli we halkara synçylar ýurduň ýüzbe-ýüz bolýan gumanitar kynçylyklary barada gaýta-gaýta duýdurdylar.