“Talyban” hökümeti Owganystanyň Garaşsyzlygynyň 105-nji ýyl dönümini belledi

“Talybanyň” goranmak ministriniň ýerine ýetirijisi Mullah Mohammad Ýakub

18-nji awgustda “Talybanyň” ýolbaşçylygyndaky hökümet Owganystanyň Garaşsyzlygynyň 105-nji ýyl dönümini belledi, we halkara jemgyýetçiliginden özara hormaty talap etdi.

Owganystan öz garaşsyzlygyna 1919-njy ýylyň awgustynda, Anglo-Owgan Ylalaşygynyň baglaşylmagyndan soň eýe boldy. Bu ylalaşyk esasynda Britaniýanyň ýurduň daşary gatnaşyklaryndaky kontrollygy ýatyryldy.

Owganystanyň "Talyban" hökümet häzir halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilmedi. Bu aglaba “Talybanyň” ýolbaşçylygyndaky hökümetiň, 2021-nji ýylyň awgustynda häkimiýeti gaýtadan ele geçireninden soň, aýal-gyzlaryň hak-hukuklaryny düýpli çäklendirmegi sebäpli bolýar.

“Talybanyň” goranmak ministriniň ýerine ýetirijisi Mullah Mohammad Ýakub öz hökümetleriniň dünýä bilen, birek-birege hormata esaslanýan, berk gatnaşyklary isleýändigini aýtdy, emma hiç haçan basyşa boýun bolmajakdyklaryny belledi.