Owgan häkimiýetleri "Talyban" häkimiýeti ele geçireli bäri öýlerinde galmaga mejbur bolan aýallaryň hökümet işinden alýan aýlyklaryny azaltdy diýip, talyban ýolbaşçylygyndaky häkimiýetiň Maliýe ministrligi 8-nji iýulda habar berdi.
"Talyban" administrasiýasy 2021-nji ýylda daşary ýurt tarapyndan goldanýan hökümeti kowanyndan soň, döwlet pudagynda işleýän aýal-gyzlaryň köpüsiniň aýlyk töleglerini dowam etdirip, olaryň ofislerine gelmegini bes etdirdi.
Ministrligiň metbugat wekili Ahmad Wali Hakmalyň AFP habar gullugyna aýtmagyna görä, "Öýlerinde bolup, ofise gitmeýän aýallaryň... aýlyklary aýda 5000 owgany (70 dollar)" bolupdyr.
Aýry-aýry ýerlerde, mysal üçin döwlet hassahanalarynda ýa-da mekdeplerde işlemäge rugsat berlen aýal-gyzlar, ýerine ýetirýän wezipelerine görä, öňki aýlyklaryny almaklaryny dowam etdirerler.