“Talyban” daşardaky 14 owgan diplomatiki missiýalary bilen baglaryny kesdi

Rimdäki Owgan ilçihanasynyň girelgesi

Owganystanyň “Talyban” dolandyryjylary daşary ýurtlardaky owgan diplomatik missiýalarynyň 14 sanysy bilen baglaryny kesýändigini, we bularyň taýýarlan konsullyk resminamalaryny kabul etmegi bes edýändigini yglan etdi. Munuň daşary döwletlerde ýaşaýan owgan raýatlarynyň ýagdaýyny has-da kynlaşdyrjakdygyna meňzeýär.

2021-nji ýylyň awgustynda, ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky halkara güýçleriniň Owganystandan çekilmeginiň yz ýany, “Talyban” häkimiýeti gaýtadan ele geçirdi. Muňa garamazdan daşardaky käbir diplomatiki missiýalar öňki hökümete ygrarly bolup galdylar.

Soňky çäre Londondaky, Belgiýadaky, Berlindäki, Bonndaky, Şwesariýadaky, Awstriýadaky, Fransiýadaky, Italiýadaky, Gresiýadaky, Polşadaky, Şwesiýadaky, Norwegiýadaky, Kanadadaky we Awstraliýadaky diplomatiki missiýalary öz içine alýar.

Beýanatda daşary ýurtlardaky owgan raýatlarynyň ilçihana we konsullyk meseleleri bilen “Talybanyň” gözegçiligindäki diplomatiki missiýalara ýüz tutmalydygy aýdylýar.

Bellesek, 26-njy iýulda Aşgabat Owganystanyň “Talybanyň” dolandyryjylarynyň Türkmenistandaky Işleri wagtlaýyn ynanylan wekilini tassyklady. Türkmen baş diplomaty Raşid Meredow Fazal Muhammed Sabire degişli tassyklaýjy resminamany gowşurdy.

Owganystandaky “Talyban” hökümeti 2021-nji ýylda Kabulda häkimiýeti ele geçireli bäri dünýäniň hiç bir ýurdy tarapyndan ykrar edilmedi.