Täjigistanda sil suwunyň basan çägi: oba ýaşaýjylary üçin betbagtçylyk
Bir aýal Täjigistanyň demirgazygyndaky Surhob obasynda, sil joşguny zerarly harap bolan ýerleri görkezýär. 2024-nji ýylyň 27-nji maýy.
Güýçli silden soň oba ýaşaýjylary öý goşlaryny beýigräk ýere çykardylar.
Surhob obasynda, üç müňe golaý adam ýaşaýar.
Gara batgalykdan barýan aýal
Adatdan daşary ýagdaýlar we graždan goranyşy komiteti sebitde 300-e golaý emläk obýektiniň suw aşagynda galandygyny we zaýalanandygyny habar berdi.
Gara palçykda galan tigir
Täjigistanyň paýtagty Duşanbe bilen Özbegistanyň arasynda ýerleşýän Şährinaw etrabynyň 5 obasynda, 216 ferma zyýan çekdi. Ýurduň günbatar bölegi has köp zaýaçylyga duçar boldy.
Ýerli ýaşaýjylar hapadan köçäni arassalaýarlar.
Sil sebäpli 130 kilometrden gowrak ýol we azyndan 14 köpri zaýalanypdyr.
Täjigistanda güýçli ýagyşlar köplenç topragyň süýşmegine, suw joşgunyna we gaýalaryň ýykylmagyna getirýär.
Sil joşguny howanyň kesgin üýtgemegine garşy göreşmäge taýyn bolmadyk infrastrukturanyň ýaramazlaşmagyny has-da beterleşdirýär.