Täjigistanda plastik hirurglaryň hyzmatyna bolan isleg artýar. Wideo

Täjigistanda plastiki operasiýanyň geçirilişi. Arhiw suraty

Liwandan plastik hirurg Fuad Reda 6 aý mundan ozal Täjigistana gelip, adamlaryň daş keşbini üýtgetmek üçin, estetik operasiýa girişip başlady. Onuň aýtmagyna görä, käbir ruhanylar muňa dini nukdaýnazardan razy bolmasa-da, soňky ýyllarda täjikleriň plastik hirurglaryň hyzmatlaryna bolan gyzyklanmasy artýar.

Fuad Reda Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugy bilen gürrüňdeşlikde, öz müşderileriniň arasynda, diňe aýallar däl, eýsem erkekleriň hem bardygyny aýdýar.

«Erkekler köplenç öz gabaklaryny, burunlaryny düzetmek ýa-da garyndaky artykmaç ýaglary aýyrmak üçin, liposkasiýa operasiýasyny geçirmekde ýüz tutýarlar. Şeýle-de, ýaş bolmak isleýän, ýüzündäki ýygyrtlary aýyrmakçy bolýanlaram bar» diýip, doktor gürrüň berýär.

Wraçyň aýtmagyna görä, soňky ýyllarda Täjigistanda plastiki operasiýa ýokary islege eýe boldy. Şeýle hyzmatlar döwlet hem-de hususy hassahanalar tarapyndan hödürlenýär. Köplenç ýagdaýda Täjigistana daşary ýurtly plastik hirurglary gelýärler. Elbetde, olaryň işiniň netijeleri barada, nägilelik bildirýänlerem az däl.

Fuad Reda plastiki operasiýa geçirmek isleýän adamlaryň belli bir lukman barada, öňünden maglumat toplamagy gerek, şeýle hem onuň tejribesini, onuň hyzmaty barada aýdylan seslenmeleri öwrenmeli diýip hasap edýär.

Şol wagtyň özünde, plastiki operasiýa bilen gyzyklanmalar hakda, sebitiň käbir ýerlerinde, dini çekişmelere-de sebäp boldy. Mysal üçin, mundan birnäçe ýyl ozal Gyrgyzystanyň din edarasy plastiki operasiýa meselesi boýunça fetwa (dini düzgün) kabul etdi. Onda yslam nukdaýnazaryndan diňe bejeriş maksatlary, mysal üçin, maýyplygy aradan aýyrmak ýaly şertlerde plastiki operasiýa rugsat berilýändigi aýdylýar. "Yslam adamyň daş keşbini gowulandyrmak maksady bilen geçirilýän estetiki operasiýalara, adamyň tebigy aýratynlyklaryny, ýüzüň we teniň gözelliginiň hatyrasyna üýtgetmäge garşydyr. Bu barada Kurhanda we hadysda aýdylýar" diýip, dini edara belläpdi.

Medisina işgärleri bolsa, müşderi islendik plastik operasiýadan öň hünärmenler we psihologlar bilen maslahatlaşmaly diýip nygtaýarlar.

Wraç Hilola Sino muňa ýeterlikli zerurlyk görmeýändigi üçin, käteler adamlary plastik operasiýa etmekden saklaýandygyny aýdýar.

«Käbir müşderiler özüne nähili operasiýanyň etmelidigini-de bilmeýärler, olaryň diňe owadan bolasy gelýär. Şeýle ýagdaýda, bar mesele hirurgyň ynsabyna bagly bolýar» diýip, wraç Hilola Sino aýdýar.

Täjigistanda plastiki operasiýanyň meşhurlygy jemgyýetde aýratyn bir jedellere sebäp bolmaýar. Lukmanlaryň özleriniň aýtmagyna görä, olaryň müşderileriniň arasynda, dini maşgaladan bolanlar hem bar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.