Täjigistanda gadagan edilen partiýanyň agzasy türme keselhanasyna geçirildi

Zubaidulloh Rozik (arhiw suraty)

Täjigistanda gadagan edilen “Yslam Galkynyş Partiýasynyň” bir agzasy türme keselhanasyna geçirildi.

8-nji awgustda täjik resmileri 82 ýaşly Zubaidulloh Rozike ýürek näsazlygy bilen bagly bejergi berilýändigini aýtdylar.

Ol 2015-nji ýylda, partiýanyň ýene-de 13 agzasy bilen birlikde tussag edilipdi. Ol soňy bilen häkimiýeti güýç bilen basyp almak synanyşygyna ilteşikli bolmakda günäli tapylyp, 25 ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi. Rozik we onuň goldawçylary aýyplamanyň syýasy matlaplydygyny aýdyp, ony ret etdiler.

Täjigistan gürrüňi gidýän partiýany 2015-nji ýylda terroristiki gurama hökmünde häsiýetlendirip, ony gadagan etdi. Partiýa bu aýyplamany inkär etdi.