Täjigistan raýatlaryna Russiýa syýahat etmekden saklanmagy maslahat berýär

Russiýadaky täjik zähmet migrantlary (arhiw suraty)

Täjigistan öz raýatlaryna Russiýa syýahat etmekden saklanmagy maslahat berdi. Bu geçen aý Moskwada “Crocus City Hall” söwda merkezine edilen adam pidaly hüjümden soň, merkezi aziýalylara garşy barha artýan basyşlaryň arasynda edildi.

Täjigistanyň Daşary işler ministrligi bu baradaky “wagtlaýyn” maslahaty 27-nji aprelde ýaýratdy. Mundan bir gün öň, täjik resmileri öz raýatlarynyň Russiýa “esassyz” goýberilmezligine alada bildiripdiler.

Adam hukuklaryny goraýjylar we täjik resmileri “Crocus City Hall” söwda merkezine edilen terror hüjüminden soň, Russiýada merkezi aziýaly adamlara garşy ksenofobiýanyň, ýagny çydamsyzlygyň artandygyna ünsi çekdiler.

“Crocus City Hall” söwda merkezine edilen hüjümde 144 adam öldi, başga-da ýüzlerçesi ýaralandy.

Russiýaly derňewçiler hüjümi dört adamyň amala aşyrandygyny, olaryň ählisiniň hem täjik raýaty bolandygyny aýtdylar.

Rus häkimiýetleri hüjüm bilen ilteşikli, 27-nji apreldäki ýagdaýlara laýyklykda, Täjigistanyň 11 raýatyny we Gyrgyzystanda doglan bir rus raýatyny sakladylar.

Hüjümiň jogapkärçiligini “Yslam döwleti” ekstremistiki toparynyň Owganystanda we Merkezi Aziýada hereket edýän şahamçasy – “Yslam Döwleti Horasan” topary öz üstüne aldy.