Täjigistan daşary ýurt lybaslarynyň importyna, satylmagyna we geýilmegine jerime girizýär

Dürli jedelleri oýaran wideodan skrinşot

Täjigistanda “milli medeniýete laýyk gelmeýän eşikleriň import edilmegine we satylmagynahem-de şeýle eşikleriň köpçülik ýerlerinde geýilmegine jerime salynýar. Jerimäniň möçberi 8 müň somoniden, 65 müňe çenli bolar.

Muňa degişli çäre "Milli däpleri we dessurlary kadalaşdyrmak hakyndaky" kanunyň täze redaksiýasynyň 18-nji maddasynda we Administratiw hukuk bozulmalara degişli Kodeksde göz öňünde tutulýar. Kanun taslamalary şu ýylyň 8-nji maýynda, parlament wekilleri tarapyndan kabul edildi. Jemgyýet bu täzelige dürlüçe garaýar.

Täjigistan Respublikasynyň parlamentiniň aşaky palatasynyň deputaty Mawludahon Mirzozoda: "Täjigistanyň däplerini we dessurlaryny düzgünleşdirmek hakyndaky" kanuna girizilen düzedişlere laýyklykda, häzirki wagtda Täjigistanyň ýaşaýjylary milli medeniýete eýermäge, milli lybaslary geýmäge borçly edilýär” diýdi.

«Däpleri we dessurlary kadalaşdyrmak hakdaky" kanun taslamasynyň 18-nji maddasynyň ikinji bölümine degişli gadaganlyk düzgüni bar. Düzgün bozulandygy üçin, administratiw hukuklar Kodeksiniň 481-nji maddasyna girizilen üýtgetmelere we goşmaçalara laýyklykda, administratiw jogapkärçilik göz öňünde tutulýar» diýip, deputat zenan düşündirýär.

Häzirki hereket edýän administratiw hukuklar Kodeksiniň 481-nji maddasy häzirki göz öňünde tutulýan diňe 18-nji madda degişli bolman, eýsem umumylykda, däpleri we dessurlary kadalaşdyrmak baradaky kanun bozmalarynyň ählisini öz içine alýar.

Şol madda laýyklykda, şu çäreler göz öňünde tutulýar:

- şahsyýetler üçin 7 müň 920 somoni jerime salnyp bilner

- wezipeli adamlar üçin, 39 müň 600 somoni

- edara ýa-da kärhana eýeleri üçin, 57 müň 600 somoni

- aýry-aýry telekeçiler, alymlar we din wekilleri üçin, 54 müň somoni.

Kanun gaýtadan bozulan halatynda, jerime 46 müňden, 86 müň somoni aralygynda bolar. Şeýlelikde, Kodeksiň şol maddasyna üýtgetmeler girizildi, ýöne jerime mukdarynyň üýtgejekdigi ýa-da ýokdugy belli däl.

Soňky günlerde sosial ulgamlarda, keselhanalaryň biriniň girelgesinde, hijaply we satraly aýala duýduryş berilýän wideo ýaýradyldy. Oňa baş geýimini şeýle geýmegiň "dogry" däldigi, munuň üçin 3500 somoni jerime salynýandygy aýdýarlar. Eşik barlaýjylar hökmünde, girelgede duran bir erkek we birnäçe aýal ol hijaply aýala başyna ýaglyk daňmagy, ony-da "täjikçe" oranmalydygy barada, berk maslahat berýärler.

Wideonyň haýsy keselhananyň alnynda surata alnandygy belli däl, ýöne Täjigistanyň paýtagtynyň lukmançylyk edaralarynyň birinde, Azatlyk Radiosynyň žurnalistlerine anonim şertde aýdylyşyna görä, dogrudan-da, olara ýokardan, aýal-gyzlara bu binanyň içine hijaply girmäge rugsat bermezlik barada görkezme berlipdir.

Häzirki kanunçylyga laýyklykda, kanunçylykda bellenilen düzedişler Majlisi Milli tarapyndan tassyklanyp, oňa ýurduň prezidenti tarapyndan gol çekilenden soň, tekstiň resmi metbugatda çap edilen pursadyndan, ol güýje girýär. Emma raýatlar eýýäm bu täzelikleri berjaý etmäge mejbur edilýär. Şol bir wagtda, häzirki kanunçylykda täjikleriň milli medeniýeti hasaplanylýan haýsy egin-eşikleriň girýändigi bellenilmeýär.

Medeniýeti öwrenijileriň pikirine görä, milli lybaslar hökman öz döwrüne laýyk gelmeli. «Milli egin-eşik milli medeniýetiň käbir elementlerini ýitirmezlik üçin, belki-de, wajypdyr. Biziň milli egin-eşigimiz mydama üýtgäp durupdyr. Şeýlelikde, sowetler döwründe onda rus elementleri hem bardy. Mysal üçin, men Ýewropa gitsem, onda egnimdäki milli eşigi Ýewropa egin-eşigine çalşyrmaly bolýaryn. Netijede, egin-eşik saýlamakda erkinlik hem örän möhümdir. Şeýle bolsa, egin-eşik geýmegiň bellenilen düzgünlerinden çykmagy gadagan edýän kanun bolup bilmez» diýip, kulturolog Munira Şahidi aýdýar.

Kanunyň tekstinde egin-eşikleriň aýal-erkeklere bölünişigi bolmasa-da, bilermenleriň aýtmagyna görä, kanun aýallaryň milli egin-eşigine degişli bolmaly.

Beýleki tarapdan, täjik jemgyýeti milli egin-eşikler bilen bagly bu täzelige dürlüçe reaksiýa bildirýär.

Milli lybaslaryň dizaýnçysy Romiş Odinazoda «Milli lybas ýewropalylaryň geýimlerinden, milli lybasa täjik bezegleriniň girizilmegi we hiç bir ýagdaýda onuň uzynlygynyň, aýratyn-da ýeňiniň gysga bolmazlygy bilen tapawutlanýar» diýýär.

Köçede geçirilen sorag-jogaplarda, Duşanbe şäheriniň käbir ýaşaýjylary Azatlyk Radionyň Täjik gullugyna adamlaryň öz isleglerine görä egin-eşik geýmelidigini, emma mejbury ýagdaýda geýinmeli däldigini aýtdylar.

"Däpleri we dessurlary düzgünleşdirmek hakyndaky" kanunyň taslamasy parlamente Täjigistanyň prezidenti tarapyndan hödürlendi. Deputatlar bolsa ony biragyzdan, hiç bir maslahatlaşmazdan kabul etdiler. Täjigistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň öňünde, Dini işler boýunça komitetiň başlygy Sulaýmon Dawlatzoda çykyş edip, bu düzedişleriň maksady "raýatlaryň jemgyýetçilik ýagdaýyny we maşgala şertlerini gowulandyrmakdan ybarat" diýdi.

"Täjigistan Respublikasynda däpleri, dabaralary we dessurlary düzgünleşdirmek hakyndaky" kanun 2007-nji ýylda, ýurduň prezidenti tarapyndan teklip edildi. Şu güne çenli kanun 6 bapdan we 22 maddadan ybarat.

Täjigistanyň häkimiýetleri ençeme ýyl bäri milli egin-eşigi geýmeklik we başga milletleriň eşigine kybapdaş geýinmegiň öňüni almaga garşy kampaniýa alyp barýarlar. Täjigistanyň häkimiýetleri aýallara gara lybas geýmegi, gara ýaglyk örtünmegi we hijaby gadagan edýär, sebäbi olar täjikleriň dessury bolman, keseki medeniýet hasaplanýar. Soňra bu sanawyň üstüne gysga ýubka, dar kofta, dekoltaly köýnek we içi görnüp duran matadan tikilen egin-eşikler hem girizilipdi. Emma soňra ol derrew "unudyldy".

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.