Tähranda içalyçylykda aýyplanan Şweýsariýanyň raýaty Eýranyň türmesinde öldi

Şweýsariýanyň we Eýranyň baýdaklary (Illýustrasiýa suraty)

Tähran tarapyndan içalyçylykda aýyplanan şweýsariýaly raýat Eýranyň türmesinde öldi. Eýranyň resmileri onuň öz janyna kast edendigi aýdýarlar.

Eýranyň kazyýet ulgamy bilen ilteşikli “Mizan” habar websaýty “howpsuzlyk gulluklary tarapyndan içalyçylykda tussag edilen we kazyýet işi dowam eden” Şweýsariýanyň raýatynyň 9-njy ýanwarda ýurduň gündogarynda ýerleşýän Semnan şäherindäki türmede öz janyna kast edendigini aýdýar.

Şweýsariýanyň Daşary işler ministrligi Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Eýran gullugyna elektron poçta arkaly iberen hatynda Şweýsariýanyň ýagdaýdan habarlydygyny we has giňişleýin maglumat almaga çalyşýandygyny tassyklady.

“FDFA (Şweýsariýanyň Daşary işler ministrligi) Şweýsariýanyň raýatynyň Eýranda ölendigini tassyklaýar. Şweýsariýanyň Tährandaky ilçihanasy Eýranyň türmesindäki ölüm ýagdaýlaryny anyklamak üçin ýerli häkimiýetler bilen aragatnaşyk saklaýar" diýip, ministrligiň metbugat sekretary Pýer-Alain Eltsçinger (Pierre-Alain Eltschinger) aýtdy.

Mizan, Semnan welaýatynyň baş kazysy Muhammet Sadek Akbariniň sözlerine salgylanyp, Şweýsariýanyň raýatynyň başga bir tussag bilen kamerada saklanandygyny we onuň beýleki bendiniň kamerada ýok wagtynda öz janyna kast edendigini ýazýar.

Akbari derňew işleriniň geçirilýändigini aýdyp, Şweýsariýanyň raýatynyň şahsyýeti baradaky ýa-da beýleki maglumatlary bermeýär.

Şweýsariýanyň raýatyna bildirilen aýyplamalar barada hem jikme-jik maglumat äşgär edilmeýär.