Täçmyrat Bekiýewiň Russiýadan Türkmenistana deportasiýa edilmegine 'taýýarlyk görülýär'

Russiýadaky daşary ýurt raýatlarynyň wagtlaýyn tussaghanasynda düşürilen surat. Arhiwden alyndy.

2023-nji ýylyň martyndan bäri Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherindäki wagtlaýyn derňew gabawhanasynda saklanýan Täçmyrat Bekiýew sebitiň Krasnoýe Selo şäherinde ýerleşýän 1 belgili daşary ýurt raýatlarynyň wagtlaýyn tussaghanasyna geçirildi. Onuň Türkmenistana deportasiýa edilmegine taýýarlyk görülýän bolmagy mümkin. Bu barada Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki gaznasy öz çeşmelerine salgylanyp, 27-nji maýda habar berdi.

Täçmyrat Bekiýew 2023-nji ýylyň awgustynda Russiýadan Türkmenistana deportasiýa edilen Aşyrbaý Bekiýewiň dogany bolup, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrligi 2015-nji ýylda olary Jenaýat kodeksiniň Dini we milli duşmançylygy döretmek maddasy esasynda gözlenýänleriň sanawyna goşdy.

Bekiýewleriň tanyşlaryna görä, doganlar musulmançylyga eýerýärler we olaryň ynançlary, mälim bolşuna görä, ekstremizmden we radikalizmden daşda durýar.

Türkmen tarapynyň haýyşy boýunça Russiýadan deportasiýa edilen Aşyrbaý Bekiýew, neşiriň maglumatlaryna görä, 2023-nji ýylyň oktýabrynda “yslam ekstremizmi” bilen bagly toslama aýyplama bilen 23 ýyl möhlete azatlykdan mahrum edildi. Şonda synçylar bu höküme Türkmenistanda dini ynançlary sebäpli we galplaşdyrylan aýyplamalar esasynda raýatlary uzak möhletli türme tussaglygyna höküm etmek tejribesiniň, adamlary gorkuzyp saklamak ýörelgesiniň dowam etdirilmegi hökmünde baha berdiler.

Degişli maglumat Çeşmeler: Aşyrbaý Bekiýewe 23 ýyl türme tussaglygy berildi

Türkmen Helsinki gaznasy Aşyrbaý Bekiýewiň häzirki wagtda Türkmenistanyň Owadandepe türmesinde saklanýandygyny we türme şertleriniň çeşmeler tarapyndan “örän erbet” hökmünde häsiýetlendirilýändigini habar berýär.

Adam hukuklaryny goraýjy topar Täçmyrat Bekiýew Türkmenistana deportasiýa edilen halatynda oňa hem agyr jeza çäresiniň garaşýandygyny habar berýär.

Aşyrbaý Bekiýew 2009-njy ýylda Türkmenistany terk edip, şondan soň, yzyna ekstradisiýa edilýänçä Russiýada ýaşapdyr. Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň Daşoguz welaýaty boýunça derňew bölümi 2015-nji ýylyň 2-nji dekabrynda Bekiýewlere garşy jenaýat işini açyp, munuň yz ýany, 2016-njy ýylyň 22-nji maýynda ol Sankt Peterburgda tussag edilipdir. Şol ýylyň dekabrynda Russiýanyň baş prokuraturasy GDA ýurtlarynyň 1993-nji ýylda gol çeken bir Konwensiýasyna esaslanyp, Bekiýewiň ekstradisiýa edilmegini öňe sürüpdir.

Ýewropanyň Adam hukuklary boýunça kazyýeti (ECHR) 2017-nji ýylda Bekiýewiň Türkmenistana iberilmegi bilen bagly kararyň togtadylmagyny gazanypdyr. Şol ýylyň maýynda bolsa, ol tussaglykdan boşadyldy.

Ýöne 2023-nji ýylyň martynda Bekiýewler gaýtadan tussag edildi. Munuň yz ýany bolsa, olar Türkmenistana gaýtarylyp berlip başlandy.

Bu habarlar Russiýanyň Ukrainada alyp barýan esassyz çozuşynyň arasynda, kanunyň hökmürowanlygyndan daşlaşyp, Türkmenistandaky häkimiýetleriň bolsa, transmilli repressiýany güýçlendirýän döwürlerine gabat gelýär.

Adam hukuklaryny goraýjy guramalar Russiýada ýaşaýan türkmen aktiwisti Azat Isakowyň 2021-nji ýylda zor bilen Türkmenistana alnyp gidilendigini habar berdiler. Şeýle-de, garaşsyz neşirler 2023-nji ýylyň dekabrynda bu ýurtda ýaşaýan türkmen aktiwisti Mälikberdi Allamyradowyň hem ýitirim bolandygyny habar berdiler. Şondan biraz öň, Türkiýede ýaşaýan blogçy Farhad Durdyýewiň (Meýmankuliýew) Türkmenistana deportasiýa edilendigi habar berildi.

Degişli maglumat Russiýa Türkmenistanda yzarlanýan bosgun Aşyrbaý Bekiýewi deportasiýa etdi

Türkmenistan düýbi ABŞ-da ýerleşýän ynsan hukuklaryna esewan ediji Freedom House (Azatlyk öýi) guramasynyň 2024-nji ýylyň fewralynda çap eden hasabatynda transmilli repressiýada dünýä ýurtlarynyň arasynda ilkinji bäşlige girdi.

Adam hukuklary boýunça halkara hasabatlar dünýäde awtoritar režimleriň barha köp transmilli repressiýa bilen meşgullanýandygyny, şeýle-de, erkin pikirli syýasy sürgünçilere, syýasy we raýat aktiwistlerine barha köp serhetüsti wehimleriň abanýandygyny görkezýär.

Türkmenistanyň hökümeti özge pikirleri basyp ýatyrmakda; tankyda çydamsyzlykda; söz, metbugat, hereket, din-wyždan azatlygyny basgylamakda we zenan hukuklaryny depelemekde yzygiderli tankyt edilýär. Türkmen tankytçylary, hem ýurduň içinde, hem ýurduň daşynda häkimiýetler tarapyndan yzarlanýar we basyşlara sezewar edilýärler. Synçylar türkmen režiminiň özge pikirli adamlara basyş edip, olary gorkuzmak üçin, açyk we assyryn, dürli tärlerden we tilsimlerden peýdalanýandygyny aýdýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.