Syýasy tussag Gulgeldi Annanyýazowyň sürgün möhleti şu ýylyň 12-nji martynda gutardy we onuň Bekdaşdan Aşgabat şäherine gaýdyp gelmegine rugsat berildi diýip, adam hukuklaryny goraýan Türkmen Helsinki gaznasy habar berýär.
G.Annanyýazow 1995-nji ýylyň 12-nji iýulynda Saparmyrat Nyýazowyň hökümetine garşy guralan Aşgabat ýörişinden soň azatlykdan mahrum edilen onlarça protestçiniň arasynda uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edildi.
Ol halkara guramalarynyň basyşlary esasynda 1999-njy ýylda azatlyga çykyp, 2002-nji ýylyň dekabrynda Norwegiýa, gaçybatalga alan ýurduna bardy.
Ýöne Annanyýazow 2008-nji ýylda Türkmenistana dolanyp geldi we, serhetden bikanun geçendigi üçin, 11 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.
Türkmen Helsinki gaznasy onuň 2009-2015-nji ýyllarda “Owadandepe” türmesinde, soň 4 ýyl Tejen türmesiniň ýeke adamlyk kamerasynda daşarky dünýäden doly üzňelikde saklanandygyny habar berýär.
2019-njy ýylyň mart aýynda, türme möhleti gutaranyndan soň, Annanyýazow uzakdaky Bekdaş şäherine (Hazar deňziniň kenarynda) bäş ýyllyk sürgüne iberildi.
Degişli maglumat “Freedom Now” Gulgeldi Annanyýzowyň azat edilmegine çagyrýarMaglumat üçin aýdylsa, 1995-nji ýylyň 12-nji iýul protestiniň guramaçylarynyň biri Çarymyrat Gurow tussaglykda, gümürtik ýagdaýda aradan çykdy, Aždar lakamy bilen tanalýan Hudaýberdi Amandurdyýew bolsa, azatlyga çykanyndan soň, 2008-nji ýylyň sentýabrynda Aşgabatda hökümet güýçleri bilen bolan ganly atyşykda öldürildi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.