Şwesiýanyň we Orsýetiň raýaty Çary Annamyradow 18-nji iýulda Belarusyň serhet gullugy tarapyndan Minskiň aeroportunda tutuldy. Asly türkmenistanly 1957-nji ýylda doglan Annamyradowyň Belarusyň kanun goraýjy organlaryna tabşyrylandygyny habar berildi.
Annamyradowy garşy almak üçin Belarusyň paýtagtynyň aeroportuna baran Minskiň ýaşaýjysy Myrat Hanalyýewyň sözlerine görä, Annamyradow hilegärlikde aýyplanyp, türkmen kanun goraýjylarynyň talaby boýunça saklanypdyr.
Şaýadyň sözlerine görä, bu talap Belarusyň häkimiýetlerine 2000-nji ýylyň başynda iberilipdir. Çary Annamyradowyň özi türkmen häkimiýetlerinde özüne garşy haýsy-da bolsa aýyplamalaryň bardygyndan bihabar bolandygy aýdylýar.
Çary Annamyradow Türkmenistandan daşary ýurtlara 2001-nji ýylda emigrasiýa çykdy. Şondan bäri ol Türkmenistana barmady.
2001-2002-nji ýyllarda ol Orsýetde we Belarusda ýaşady. Şol döwrüň dowamynda Annamyradow “Azatlyk Radiosynyň” Türkmen gullugynyň ştatdan daşary habarçysy bolup işledi.
2002-nji ýylda oňa Şwesiýada syýasy gaçybatalga berildi we şondan bäri ol şol ýurtda ýaşady. Häzirki wagtda Çary Annamyradowyň iki ýurduň Şwesiýanyň we Orsýetiň raýatlygy bar.
Annamyradow öz dosty Myrat Hanalyýewiň çakylygy boýunça 18-nji iýulda Minske bardy. Belarusyň Serhet gullugynyň metbugat-wekili Alýaksandr Tsişenko serhetçileriň resmi düzgüne laýyklykda hereket edendiklerini aýtdy. "Eger adam halkara derejesinde gözlenýän bolsa, ony milisiýa organlaryna tabşyrýarlar" diýip resmi aýtdy.
Annamyradowyň ýanynda onuň ýetginjek ýaşyna ýetmedik gyzy hem bar eken. Ol we Annamyradowyň dostlary Şwesiýanyň Minskdäki ilçihanasyna ýüz tutdular.
Soňky maglumata görä, Annamyradow Minskiň 1-nji deslapky tussaghanasyna ýerleşdirilipdir. Belarus resmileriniň maglumatyna görä, Annamyradowyň işi Baş prokuratura geçirilipdir.
Azatlyk Radiosynyň Myrat Hanalyýew bilen geçiren söhbetdeşligini diňlemek üçin aşaky düwmä basyň.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar