Syrderýa we oba hojalygy: nädip geçmişdäki ýalňyşlyklar häzirki wagtda suw ýetmezçiligine getirdi we bu babatda näme etmeli?

Syrderýa

Merkezi Aziýada gowaça we şaly ekinleri üçin, suwuň bisarpa ulanylmagy Syrderýanyň guramagyna getirýär, bu bolsa sebitiň oba hojalygyna we ekosistemalaryna howp salýar. Gazagystan bilen Özbegistanyň arasynda suw resurslaryny paýlaşmak barada ylalaşyklar bar. Emma suwy peýdalanmagyň könelişen usullary hem-de sazlaşykly hereketleriň bolmazlygy suw krizisini has-da agyrlaşdyrýar, bu bolsa geljekde suw üpjünçiliginiň durnukly boljagyna şübhe döredýär. Ýurtlar bu kynçylyklara nädip döz gelýärler we meseläniň çözgüdini çaltlaşdyrmak üçin, nähili ädimleri ätmeli? Biz bu meseleleri Howanyň üýtgemegi boýunça ekspert we Gazagystanyň Suw hyzmatdaşlygy jemgyýetçilik guramasynyň koordinatory Kuralaý Ýahiýewa bilen gürrüňdeş bolduk.

Merkezi Aziýanyň iň uly derýalarynyň biri bolan Syrderýa dört döwletiň – Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň hem Gazagystanyň içinden geçip, Aral deňzine guýýar. Azatlygyň Gazak gullugynyň žurnalisti we foto suratçysy Pýotr Trotsenko Syrderýanyň boýlarynda syýahatda bolup, derýanyň häzirki ýagdaýy hem-de onuň boýunda ýaşaýan ýönekeý adamlaryň – balykçylaryň, söwdagärleriň, daýhanlaryň durmuşy barada gürrüň bermek isledi. Şeýle hem ol derýa howdanynyň problemalaryny öwrenýän we olary çözmegiň ýollaryny agtarýan hünärmenler bilen söhbetdeş boldy.

Syrderýanyň aşak akymyndaky şaly meýdany, Gazagystanyň Gyzylorda oblasty, 2024-nji ýylyň 2-nji iýuny.

"BIZ SUWUŇ 50 GÖTERIMINI ÝITIRÝÄS"

Pýotr Trotsenko: Merkezi Aziýada ekerançylyk Syrderýa basseýniniň suw derejesine nähili täsir edýär?

Kuralaý Ýahiýewa: Eger Syrderýanyň Özbegistandaky we Gazagystandaky basseýni barada aýtsak, olar esasan suwarymly ekerançylyga sarp bolýar, ýagny diňe suwaryş işlerine esaslanan hojalyk bilen meşgullanýarlar. Eger suw bolmasa, hasyl ýok. Gazagystanda ilatyň sarp edýän derýa suwunyň 70 göterimi diýen ýaly oba hojalyk ekerançylygyna gidýär. Galan bölegi kommunal zerurlyklara, senagata we ş.m. sarp edilýär. Bu görkeziji Özbegistanyň oba hojalygynda has ýokary bolup, 90%-e çenli ýetýär, sebäbi derýanyň boýunda iri suwarymly ýerler ýerleşýär.

Pýotr Trotsenko: Näme üçin ekerançylyga şeýle köp suw gidýär?

Kuralaý Ýahiýewa: Meselem, Gyzylorda sebiti Syrderýanyň aşak akymlarynda ýerleşýär. Häzir bu ýerde sowet döwrüne garanyňda, peýdalanylýan suwarymly ýerler az. Geçen asyryň 80-90-njy ýyllary bilen deňeşdirilende, ol 30 göterim diýen ýaly azaldy. Emma bary bir suw ýetmezçilik edýär. Sebäbi meliorasiýa ulgamy, şol sanda ýer bölekleri, kanallar we gidrotehnika desgalary erbet könelişdi. Suwdan netijeli peýdalanmak üçin, 30 ýyldan bäri oňa düýpli serişdeler sarp edilmeýär, bu aýratyn hem ýer üsti geçirilen kanallara degişlidir. Indi ýagdaý has-da erbetleşýär. Siz göz öňüne getirip görüň, biz suwuň 50 göterimini diňe derýadan suwaryş meýdanlaryna alyp barýançak ýitirýäris.

Pýotr Trotsenko: Bu meseläni çözmek üçin haýsydyr bir synanyşyk barmy? Eger bolsa, nähili usul bilen?

Suw baýlygy we howanyň üýtgemegi boýunça hünärmen Kuralaý Ýahiýewa

Kuralaý Ýahiýewa: Bu mesele gozgaldy, emma Sowet Soýuzynyň ýykylmagy bilen uly kollektiw hojalyklar dargap, olaryň ornuna ownuk daýhan fermalary döredildi. Olar bolsa kanallary özbaşdak bejerip bilmeýärler. Häzir ol kanallar birnäçe hojalygyň üstünden akyp geçýär. Ol kanallary bejermek üçin, fermalaryň birleşip, bilelikde hereket etmegi zerur.

Meseläni çözmek üçin daýhanlar oba hojalyk önümlerini öndürmek kooperatiwlerine birleşdiler. Bu kooperatiwler ekin ýerlerine suwy eltmek üçin aralykçy bolup hyzmat etdirler, olar suwy üpjün edýän ulgamy gurmaly bolupdylar. Olaryň üstünden gözegçilik mehanizmi ýok, bahalar ýokarlandy, adamlar pul töläpdirler, ýöne suwaryş kanallaryny bejermek işleri ýöredilmedi. Ýagny kooperatiwler olara suwy diňe gaýtadan satdylar. Ahyr soňy daýhanlar bu ideýadan ýüz öwürdiler.

Pýotr Trotsenko: Ekologlaryň we oba hojalyk hünärmenleriniň arasynda gowy çözgüdiň gowaçanyň we şalynyň ekilmegini düýpli azaltmak barada giňden ýaýran garaýyş bar, sebäbi ol ekinler suwy köp talap edýär. Şeýlelikde, olaryň aýtmagyna görä, suw resurslaryny tygşytlap bolýar.

Kuralaý Ýahiýewa: Köp adam eger suw ýeterlik bolmasa, başga ekin ekmeli diýýär. Ýöne suw ekspertleri munuň bilen ylalaşmaýar. Gyzylorda oblastynyň ýeri şor, eger şaly däl-de, başga bir zat ekseň, has beter duzlaşar, sebäbi şaly ýeri ýuwýan ekin. Ekilenden üçünji gün şala suw tutmaly, ol suwy kollektor arkaly ýene derýa goýberip, tä şaly ýetişýänçä ony suwarmaly. Bu suw duzy ýuwýar. Şol sebäpden biz şalydan doly ýüz öwrüp bilmeýäris. Ýöne ekin çalşygy diýlen usul bar, meýdanlarda ekinleri üýtgedip ekmeli. Munda esasy ekin suwarymly ýeriň 60 göteriminden köp bölegini almaly däldir. Eger siziň on bölek ekin ýeriňiz bolsa, onuň alty bölegine şaly etmeli, galanlaryna başga ekin hem-de bir bölek meýdany boş goýmaly. Ol ýere, adatça, bu meýdan dynjyny alar ýaly, köpýyllyk ot ekmeli. Şonuň üçin ekin meýdanlary dynç alar ýaly, ýylyň ýylyna ekin çalşygyny geçirip durmaly.

Kiçi daýhan hojalyklary peýda bolanda, her kim özüne peýda getirjek zatlary ekmäge başlady. Netijede, köplenç şol bir kanalyň boýunda, suwy bir wagtda talap edýän birmeňzeş ekinler ekildi, daýhanlar şol bir wagtda ekini suwarmak işlerine girişýärler. Şol sebäpli kanalyň kuwwaty ol talabyň hötdesinden gelip bilmeýär hem suw ýetmezçiligi başlanýar. Şoňa görä-de, suwuň paýhasly ulanylmagy üçin, ekinleriň ekiliş tertibi bolmaly. Gynansak-da, bizde beýle düzgün ýok.

"ÖZBEGISTANDA HER IKINJI RESMI SUW BILERMENI"

Pýotr Trotsenko: Aral deňzini pagtaçylyk bilen şalyçylyk guratdy diýilýäni nä derejede hakykat?

Kuralaý Ýahiýewa: SSSR döwründe şalyçylyk we pagtaçylyk pudagynda, sanlaryň yzyndan kowalaýardylar, san görkezijileri olar üçin möhümdi. Şoňa görä-de, planda görkezilenden has köp ýere ekin ekip, ýerden önýän hasylyň derejesini artdyrýas diýýärdiler. Häzir ne Özbegistana, ne-de Gazagystana ekilýän ýeriň möçberini az görkezip, “köp hasyl aldyk” diýmegiň geregi ýok.

Syrderýanyň howdany barada aýtsak, Gyrgyzystan bilen Täjigistan derýadan ekerançylyk üçin suw almaýar diýen ýaly, olar suwy esasan gidroenergiýa üçin ulanýarlar. Emma howdanlarda suwuň toplanmagy zerur bolan döwürlerde, tersine, ony akdyrýarlar, sebäbi olara elektrik energiýasy gerek bolýar. Ilki başda Naryn-Syrderýa kaskadlary suwaryş üçin niýetlenipdi, ýagny suwaryş wagtynda suw bilen üpjün etmelidiler, ýöne gidroelektrik beketleri işe girizilenden soň, ol başgaça boldy. Netijede, güýzden ýaza çenli suw howdanlara ýygnalýar, tomusda bolsa suw ýetmeýär. Syrderýanyň aşak akymlarynda, şol sanda Gyzylordada suw basan ýerler boldy. Silden goranmak we tomus aýlary suwa bolan zerurlygyň azyndan bir bölegini üpjün etmek maksady bilen Gazagystanda Köksaraý suw howdanynda garşydaş regulýator guruldy.

Aral deňziniň ýarym çölleşen sebiti, Gazagystanyň Gyzylorda oblasty, 2024-nji ýylyň 3-nji iýuny.

Pýotr Trotsenko: Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň arasynda Syrderýanyň howdanyndaky suw we energiýa serişdelerinden peýdalanmak barada ylalaşyk bar. Diýmek, ol nazarda tutulmaýan ýaly?

Kuralaý Ýahiýewa: Ýurtlar arasyndaky ol ylalaşyga laýyklykda, biz öz suw mukdarymyzy alýarys. Ýöne ters tarapy, ol zerur bolan wagtynda gelmeýär. Bu mesele ministrlikler, duşuşyklar, gepleşikler bilen düzgünleşdirilmeli. Şol duşuşyklarda olar Syrderýanyň ýokarky akymlaryndan Gazagystana haçan we näçe suwuň berilmelidigi barada anyk ylalaşmaly. Meniň hut özüm şeýle gepleşikleriň köpüsine gatnaşdym.

Ýöne gep nämede: 1-nji sentýabrda Gazagystanyň Suw serişdeleri we irrigasiýa ministrliginiň döredilenine diňe bir ýyl doldy, ondan öň bizde asla ýörite gulluk ýokdy. Şol bir wagtda-da Özbegistanda hatda ýurdy meliorasiýadan bilermen prezident dolandyrýar (Şawkat Mirziýoýew 1977-1981-nji ýyllarda Daşkent suwaryş we meliorasiýa institutynda okady, soňra tehniki ylymlaryň doktory diýen derejäni aldy – Red.). Galyberse-de, Özbegistanda her ikinji resmi ýolbaşçynyň suw resurslary bilen bagly bilimi bar.

Suw resurslaryndan peýdalanmak baradaky gepleşikler üçin, Gazagystan adatça wise-premýeri ýa-da oba we daşky gurşaw ministrini iberýärdi, olar bolsa meseläniň çylşyrymly taraplaryna düşünmeýärler. Olar umumy netijäniň bolmagy we ylalaşyklaryň laýyk gelmegi üçin, Özbegistanyň teklip eden dokumentlerine gol çekýärdiler.

Şeýle gepleşiklere adatça her tarapdan 20-ä golaý adam gatnaşýar. Olaryň arasynda serhet gullugynyň, Daşary işler ministrliginiň, akimatlaryň we beýleki döwlet apparatlarynyň işgärleri hem bolýar. Bu delegasiýanyň arasynda suw serişdeleri boýunça diňe bir ýa iki sany hakyky hünärmen bar, olar materiallary, hasabatlary we teklipler taýýarlaýarlar. Emma bu spesialistler delegasiýanyň galan agzalaryna garanyňda, has pes derejede bolup, olaryň pikirini hiç kim diňlemeýär. Serhetara derýalary boýunça meseleler maslahatlaşylanda, esasan, Özbegistanyň öňe süren suw serişdeleri baradaky teklipleri kabul edilýär, sebäbi olaryň ministri suw boýunça hünärmen (suw serişdeleri ministri Şawkat Hamraýew hem Daşkent suwaryş we meliorasiýa institutyny tamamlapdy – Red.). Ol öz tekliplerini ileri sürýär hem ony düşündirmegi başarýar.

30 ýyldan gowrak wagt bäri bizde Suw serişdeleri we irrigasiýa ministrligi bolmady. Indi ol döredildi, ýöne ol häzire çenli bişişmedik, oňa öň akimatlarda işlän ýörite bilimi bolmadyk resmiler barýarlar. Elbetde, suw serişdeleri ministrligini bu ugurdan ýörite bilimi bolan emeldar dolandyrmaly. Ýöne bu eýýäm başga mesele.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.