Özbegistanda sakgal goýberilmegine garşy göreş dowam edýär. Häkimiýet wekilleri erkeklere sakgalyny syrmaga, hatda zor bilen syrmaga mejbur edýärler. Ýakynda olimpiýa türgenlerine ýurduň prezidenti bilen wideo arkaly duşuşmazyndan öň, sakgallaryny syrmak tabşyryldy. Bir belli aýdymça bolsa sakgalyny syrmasa, telewideniýede çykyş etmegine rugsat berilmedi.
Olimpiýa çempiony, meşhur aýdymçy we Daşkende gezelenje gelen günbatarly syýahatçy ýaňy-ýakynda Özbegistanda uzyn sakgal goýberýän erkeklere garşy kampaniýanyň pidasy bolandygyny aýdýarlar.
Şu ýylyň tomsunda Pariž olimpiýa oýunlarynda altyn medal gazanan türgen Azatlyk Radiosyna özüniň we beýleki birnäçe sakgal goýberen türgenleriň ýurduň prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen wideo arkaly duşuşyga barmazdan öň, sakgalyny syrmak barada buýruk berlendigini aýtdy.
Anonim şertde gürleşen başga bir olimpiýa ýaryşyna gatnaşyjy bu duýduryşyň türgenlere heniz Fransiýada wagtynda berlendigini mälim etdi.
Özbek mediasynyň habar bermegine görä, häkimiýetleriň sakgallylara garşy dowamly göreşleriniň çäginde, ýaňy-ýakynda birnäçe ýaş ýigit "jemgyýetçilik ýerlerinde sakgalyny görkezmejek bolup, öz ýüzlerini örtýändigi" üçin, administratiw kazyýetiň huzuryna getirilipdir.
Başga-da köpler güýç ulanyjy edaralaryň işgärleriniň görkezmesi boýunça polisiýa bölümlerinde sakgalyny zor bilen syrdylar.
Azatlyk Radiosy tarapyndan aýan edilen şeýle ýagdaýlar barada maglumat gadaganlyk çäresine uçran kişileriň köpüsiniň ýönekeý musulmanlardygy, jemgyýetçilik aktiwistleri we artistlerdigi görkezilýär.
Sosial ulgamdaky maglumata görä, daşary ýurtly german syýahatçysy ösgün sakgaly sebäpli özbek polisiýasynyň pidasy bolupdyr.
Syýahatçy ýaňy-ýakynda Özbegistanyň paýtagty Daşkentde syýahatda bolan wagtynda, polisiýa işgärleri tarapyndan köçede saklanandygyny aýdýar. Oňa uzyn sakgalyny syrmak barada buýruk berlipdir. Onuň aýtmagyna görä, bu sakgaly ösdürip ýetişdirmek üçin, üç ýyl gerek bolupdyr.
«Olar maňa hiç zat düşündirmän, polisiýa bölümine alyp gitdiler – diýip, ol adam aýdýar. – Olar maňa ýa sakgalyňy özüm syrarsyň, ýa-da biz syrarys diýdiler».
Azatlykda syýahatçynyň aýdýanlaryny barlamaga mümkinçilik ýok. Emma soňky ýyllarda Özbegistanda onlarça ýerli ýigidiň şuňa meňzeş ýagdaýa duşandygy giňden mälimdir. Esasy köplügi musulman bolan Merkezi Aziýa ýurtlarynda, hatda 2016-njy ýylda Mirziýoýewiň häkimiýet başyna gelmeginden bäri durmuşa geçirilen sada dini azatlyk reformalaryna garamazdan, şeýle çäklendirmeleriň dowam etdirilmegini adam hukuklaryny goraýjy toparlar tankytlaýarlar.
Polisiýa işgärleri Daşkentde we gündogarda ýerleşýän Namangan şäherinde ýaşlary tussag edip, sakgallaryny zor bilen syrmakda aýyplanýar. Häkimler bu ýagdaýy inkär edýärler.
Merkezi Aziýa ýurtlarynda häkimiýetler tarapyndan sakgala köplenç yslam dindarlygynyň alamaty hökmünde garalýar.
Özbegistanyň Döwlet teleradio kompaniýasynyň bir işgäri anonim şertde, Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugyna telewideniýede sakgally artistleriň peýda bolmagyna resmi däl gadagançylyk bardygyny aýtdy. Onuň sözüne görä, şeýle gadaganlyk döwlet hem-de hususy kanallara-da degişlidir.
Soňky bir ýagdaýda, pop aýdymçysy Şohjahon Juraýewe sakgally bolany üçin, iýul aýynda geçirilen Zor TV aýdym bäsleşigine gatnaşmak gadagan edildi diýip, çeşme aýtdy.
«Juraýew şondan soň sakgalyny arassa syryp, emin agzasy hökmünde, şowhun programmadan ýer aldy» diýip, ol sözüne goşdy.
Konsertiň çäginde Juraýew öz janköýer tomaşaçylaryna sakgalyny syrmaly bolandygyny aýtdy, sebäbi sakgalyny ösdüren artistlere telewideniýede çykyş etmäge rugsat berilmeýär.
Aýdymçynyň sosial ulgamlardaky suratlarynda, öň gysga sakgally we murtly bolandygy, soňra ony syrandygy görünýär.
Degişli maglumat "Ýa sakgalyňy syrarsyň, ýa-da 15 gün türmä basylarsyň". Daşkentde sakgal goýberýänlere garşy ýene barlag başlandy
KANUN NÄME DIÝÝÄR
Özbegistanda sakgal goýbermegi açyk gadagan edýän kanun ýok. Polisiýa işgärleri bolsa sakgala garşy alyp barýan çäresini islendik ýüzi örtmegi gadagan edýän, ýagny şahsyýetiň indentifikasiýasyny örtýän şertlere garşy täze kanun bilen aklaýarlar. Bu kanun 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda Özbegistan respublikasynyň Administratiw jogapkärçilik kodeksinde, üýtgetmeler paketiniň bir bölegi hökmünde güýje girizildi.
Bu kanunyň bozulmagy administratiw jenaýat diýlip hasap edilýär, ony bozanlara 5,1 million suma çenli (400 amerikan dollaryna golaý) jerime salynýar. Resmi maglumatlara görä, Özbegistanda ortaça aýlyk haky 4,9 million suma (390 dollar) golaýdyr.
Kanun goraýjy edaralaryň işgärleriniň sakgal syrmak barada buýruklaryny ýerine ýetirmekden boýun gaçyranlara köplenç huligançylyk we polisiýa işgärine garşylyk görkezmekde, goşmaça aýyplamalar bildirilýär.
Ilkibaşda prezident Mirziýoýewiň öňki öz ýolbaşçysy Yslam Kerimowyň din baradaky berk syýasatyndan çykýandygy aýdyldy.
Mirziýoýew Kerimow döwründe parahatçylykly dini ynançlary üçin türmä basylan ýüzlerçe adamy azatlyga çykardy, şeýle hem howpsuzlyk gulluklarynyň potensial dini ekstremistler hökmünde gara sanawa girizen müňlerçe adamy aýyplamadan halas etdi.
Emma soňky ýyllarda özbek häkimiýetleri raýatlara has köp dini azatlyk bermek baradaky wadalaryny ýerine ýetirmändikleri üçin ýazgarylýar.
Ynsan hukuklaryny goraýjy halkara Human Rights Watch guramasy geçen ýylky hasabatynda, özbek häkimiýetiniň dini azatlygy çäklendirmegi alyp barýandygyny, dini duýgularyň kanuny ýüze çykmalaryny häkimiýetleriň "ekstremizm" hasaplamagy dowam etdirýändigini belledi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.