Ýerli synçy türkmen häkimiýetleriniň mundan 25 ýyl öň başlan we çärýek asyr wagt bäri dowam etdirýän üzňeleşmek ýörelgesine syn edip, ýaşaýjylaryň hereket azatlyklarynyň, syýahat mümkinçilikleriniň barha beter çäklendirilmeginiň ýerli ilata edilen ‘iň uly zyýan’ bolandygyny öňe sürýär. Anonimlik şertinde gürleşen türkmen emeldary bu ‘syýasatyň’ ýurduň Daşary işler ministrliginiň öz işgärlerine hem düşnüksizdigini aýdýar.
Türkmenistan GDA döwletleriniň arasynda özara wizasyz hereket boýunça 1992-nji ýylda baglaşylan Bişkek şertnamasyndan çykmak kararyny, ilkinji bolup, 1999-njy ýylyň martynda aýan etdi. Bu karar ýurda girip biljek jenaýatçy elementleriň öňüni almak maksady bilen düşündirildi. Şondan üç aý soň, 1999-njy ýylyň iýun aýynda Türkmenistan GDA ýurtlarynyň ählisi üçin wiza düzgünini girizdi.
Aşgabatly synçy bilen pikir alşan raýatlaryň köpüsiniň pikirine görä, bu ‘göçüm’ ýurduň taryhynda iň uly we “agyr öwrüm” boldy.
Ýöne, anonimlik şertinde gürleşen daşoguzly enäniň pikiriçe, üzňeleşmek çäreleri has öň, 1995-nji ýylda, Russiýa bilen aradaky göni demirýol gatnawynyň ýatyrylmagyndan başlandy.
Degişli maglumat Türkiýede ýitirim bolan ogluny gözlemäge gitmek isleýän maryly kaka türk wizasy berilmedi1996-njy ýyla çenli türkmen ýolagçy otlularynyň daşary ýurtlara amala aşyrýan ähli reýsi (Aşgabat-Termez-Duşenbe, Türkmenbaşy-Baku demir ýol - parom, Türkmenbaşy-Daşkent, Aşgabat-Daşkent, Çärjew-Buhara) ýatyryldy, 1997-nji ýyla çenli halkara awtobus gatnawlary, şol sanda şol ýyl Daşoguz-Nöküs awtobusy hem ýatyryldy diýip, ýaşaýjylar aýdýar.
Goňşy ýurtlar bilen aradaky uçar gatnawlary hem ýatyryldy.
2002-nji ýyla çenli ýurduň çäginden geçýän özbek, täjik ýolagçy otlularyna 1999-njy ýyla çenli, uly kynçylyk bilen bolsa-da, wizasyz bilet alyp bolýardy, emma prezident S.Nyýazowyň janyna kast etmek synanyşygy hökmünde taryha giren noýabr wakasy tranzit otlularynyň hem düýpli azalmagyna, türkmen ýolagçylylarynyň galan tranzit otlularyna mündürilmezligine alyp geldi.
Synçy şondan soň türkmen wizasyny almagyň görlüp-eşidilmedik derejede kynlaşandygyny, türkmen tarapynyň 2003-nji ýylda Aşgabat bilen Moskwanyň arasynda baglaşylan goşa raýatlyk şertnamasyndan hem çykyp, üzňeleşmegi haç güýçlendirendigini öňe sürýär.
2007-nji ýylda, Aşgabatdaky hökümet täzelenenden soň, Ankara türkmen raýatlarynyň Türkiýä bir aýlyk wizasyz gelmegine ýol açdy we, bu Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwründe işsiz adamlar üçin dörän ýeke-täk gowy mümkinçilik boldy.
Emma Aşgabat ilki 2013-nji ýylda Özbegistan bilen, 2022-nji ýylda Türkiýe bilen doly wiza düzgüniniň girizilmegini gazandy.
Synçy ýurduň üzňeleşmek syýasatynyň Serdar Berdimuhamedow döwründe hem dowam etdirilýändigini, ýurduň çäginden geçýän iň soňky halkara otlularynyň - Täjigistandan Russiýa gatnaýan ýolagçy otlularynyň tranzit gatnawynyň hem doly kesilendigini belleýär.
Ýerli synçynyň we ýaşaýjylaryň köpüsiniň pikirine görä, türkmen režiminiň wiza düzgünini "howpsuzlyk çäreleri" bilen düşündirjek bolmagy hiç bir jähtden heňe gelmeýär.
Degişli maglumat Çözülmesi çatak bolan üç mesele ýönekeý adamlary heläk edýärTürkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň bir emeldarynyň anonimlik şertinde aýtmagyna görä, "otly gatnawy üçin wiza düzgüni düýpden mesele däl; Aşgabat bilen Duşenbe Türkmenistanyň çäginden Orsýete barýan täjik ýolagçylaryndan wiza talap etmezlik barada ýörite şertnama baglaşdy. Şeýle şertnamalary beýleki ýurtlar bilen baglaşyp bolardy. Ýöne muňa Berdimuhamedowlaryň syýasy erki we islegi gerek” diýip, emeldar aýtdy.
Onuň sözlerine görä, öz aralarynda wizasyz gatnawy ýola goýan goňşy ýurtlar ony milli howpsuzlyga wehim diýip hasap etmeýär we, “türkmen ýolbaşçylarynyň logikasy hatda ýurduň Daşary işler ministrliginiň işgärleri üçin hem düşnüksiz".
Maglumat üçin aýdylsa, syzyp çykýan habarlar, sosial mediada peýda bolýan suratlar bu üzňeligiň dolandyryjy gatlagyň agzalary, olaryň çagalary üçin hiç hili syýahat kynçylygyny döretmeýändigini yşarat edýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.