Syn: Rus güýçleri Donbasda öňe süýşýär. Ukrainanyň jogaby Russiýa çozmakmy?

Ukraina esgeri

Ukraina Moskwanyň giň gerimli çozuşy başlanaly bäri Russiýa bilen aradaky serhetden ençeme gezek geçip, gizlin aňtaw operasiýalaryny geçirdi; pilotsyz uçarlar bilen ýüzlerçe kilometr uzaklykdaky howa meýdançalaryny nyşana aldy; resmi däl söweş toparlary bolsa, serhet obalaryna hüjüm etdi. Emma bu gezek ýagdaý biraz başgaça bolup görünýär.

Sowutly ulaglar we beýleki agyr enjamlar bilen goldanýan ýüzlerçe ukrain esgeri, harby eşikde, şu hepde Russiýanyň Kursk sebitine hüjüm etdi. Bu sebit Ukrainanyň Sumy şäheriniň demirgazygynda ýerleşýär. Şeýlelikde, ýerli resmileriň, urşa tarapdar blogçylaryň we açyk çeşme aňtaw habarlarynyň tassyklamagyna görä, ukrain goşunlary 9-njy awgusta çenli 600 inedördül kilometre golaý meýdany we 20-den gowrak şäherçäni ele geçirdi.

Ukrain güýçleriniň Russiýanyň 2022-nji ýylyň fewral aýynda başlan giň gerimli urşundan bäri amala aşyran iň uly we baş aýlaýjy hüjümi ukrain goşunlarynyň günortada 1100 kilometrlik front liniýasynda azyndan üç ýerde ruslaryň ilerlemesini saklamaga çalyşýan wagtynda ýüze çykdy. Rus goşunlary Donbasyň uly ýoluna ýakynlaşýarlar we onuň ele geçirilmegi ukrain üpjünçilik liniýalaryny tutuş front boýunça howp astyna salýar.

"Umuman alanyňda, ýagdaý ukrain güýçleri üçin gowy däl" diýip, ukrain harby hünärmeni we aňtaw gullugynyň öňki işgäri Iwan Stupak aýtdy. Russiýa üçin “esasy ideýa ukrain ýaragly güýçlerini iki bölege bölmekden ybarat, ýagny duşmany bölüp, soň olary bölek-bölekden, ädimme-ädim ýok etmli. Bu usulda ýok etmek has aňsat".

Düşünmediňizmi? Ine, 900 ýüz güne golaýlan, Ikinji jahan urşundan bäri Ýewropadaky iň uly gury ýer söweşi şeýle görünýär.

Ukraina üçin ýaramaz habar

Pokrowsk maddy-tehniki merkeziniň günorta-gündogaryndaky ýagdaý, harby hünärmenleriň we açyk çeşme analitikleriniň pikiriçe, "has howply" we "möhüm" bolup görünýär.

Bu ýerdäki pursat Russiýa tarapyna aprel aýynda, rus güýçleri Ukrainanyň goşun rotasiýasy, ýagny esger ýerleriniň üýtgedilen wagtynda Oçeretine obasyny ele geçirenlerinde öwrüldi. Käbir habarlarda goşun rotasiýasynyň şowsuz bolandygy we şondan bäri olaryň günbatara we demirgazyga yzygiderli hereket edendigi aýdylýar.

6-njy awgustda rus güýçleriniň T-0504 awtoulag ýolundan takmynan bäş km uzaklykda ýerleşýän Wozdwyženkanyň gündogar çetine gelendigi habar berildi.

"Pokrowsk ugrundaky ýagdaý aňrybaş derejede kyn" diýip, Kiýewdäki Goranmak strategiýasy merkezi aýtdy. Bu ylmy-barlag merkezine ýurduň ozalky goranmak ministri ýolbaşçylyk edýär.

Pokrowskden gündogara, soňra demirgazyk-gündogardaky Kostýantyniwka tarapa, ukrain goşunlary üçin örän wajyp üpjünçilik nokady bolan demir ýol çatrygyna tarap uzaýan awtoulag ýoly çykýar. Bu ýol N23 ýa-da T-0504 diýlip bilinýär. Russiýa bu ýoly her edip, hesip edip ele geçirmek isleýär.

Ok-därileri we enjamlary ibermek, ýaralanan esgerleri daşamak üçin ulanylýan ýoly ele geçirmek ukrain üpjünçilik liniýalaryna urlan uly zarba bolar.

Bu ýol söweş meýdanynyň bu bölegindäki ýeke-täk ýol däl diýip, Stupak aýtdy. Ýöne bu iň gowy ýol diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi: Beýleki marşrutlar asfalty, üst örtügi sebäpli, ulag hereketiniň tizligini gowşadar we, howa üýtgäp, güýz ýagyşlary başlanda, Ukrainanyň rowaýata öwrülen palçykly çarkandagy olary geçip bolmajak bir menzil eder.

"Bu ýol kesilse, [ukrain] güýçleri üçin uly kösençlik başlanar" diýip, ol aýtdy. "Bu urşuň soňy bolmaz, ýöne gowy däl" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Öňümizdäki günlerde we hepdelerde düýpli bir üýtgeşiklik bolmasa, Russiýa uly ýoly alar we bu ýagdaýda Ukrainanyň ozal hem ýeňil bolmadyk goranyş pozisiýalaryny has-da kynlaşdyrar.

Ukrainanyň Russiýa çozmak kararyna gelmegi, meger, hut şu ýagdaý bilen hem bagly bolup biler.

"Kursk sebitine edilen hüjümiň köp adam, şol sanda rus komandasy üçin garaşylmadyk bir zat bolandygyny, olary gapyllykda basandygyny aýtmak dogry bolmaz” diýip, Tatarigami ady bilen ýazýan ukrain harby synçysy aýtdy.

Ukrain resmileri, bu hüjüm barada çykan ilkinji habarlardan soňky üç günüň dowamynda, Russiýanyň resmi habarlarynda onuň ähmiýetine aşa kembaha garalýandygyny ýaňzytmakdan başga hiç zat diýmediler.

Prezident Wolodymyr Zelenski 8-nji awgustda bu hüjümi ýaňzydyp, şeýle diýdi:

"Ukrain goşunynyň nädip haýran galdyrmalydygyny bilýändigini her bir adam görüp biler. Olar nädip netije gazanmalydygyny bilýär" diýip, prezident bir çärede aýtdy.

Zelenskiniň ýokary derejeli geňeşçisi Mihaýlo Podolýak o diýen açyk bolmadyk tassyklama etdi.

"Uruş urus bolýar, onuň öz düzgünleri bar, aggressor gutulgysyz ýagdaýda onuň netijeleri bilen ýüzbe-ýüz bolýar” diýip, Podolýak telegramdaky ýazgysynda aýtdy.

Emma rus häkimiýetleri, harby bloggerler, ýerli resmiler we ýaşaýjylar sowutly ulaglar we hatda tanklar bilen goldanan, adaty bolmadyk uly çozuş güýjüne yşarat edip, olaryň Russiýanyň ýeterlik bolmadyk goranyşyndan we adam sany az bolan serhetçi bölümlerinlerinden üstün çykandyklaryny öňe sürdüler.

Analitikleriň aýtmaklaryna görä, bu hüjüme Ukrainanyň iň edenli, söweşde taplanan güýçleriniň biriniň, Ukrainanyň 22-nji mehanizirlenen brigadasynyň ýolbaşçylyk edendigini, olaryň, beýleki harby enjamlar bilen birlikde, ABŞ tarapyndan berlen “Stryker” sowutly ulaglaryny hem ulanandygyny aýtdylar.

Emeli hemra suratlary we "Deep State", Ukrain goşuny bilen arabaglanyşygy bolan açyk çeşme guramasy tarapyndan berlen habarlar goşunlaryň käbir ýerlerde serhetden geçip, 90 km çemesi öňe gidendigi aňladýar.

Rus harby bloggerleri hem şu hili ilerlemeleriň bolandygyny yşarat edýärler.

Rus we ukrain analitikleriniň hasaplamalaryna görä, ele salnan meýdanyň mukdary barada 9-njy awgustda edilen çaklamalarda 500-den 600 inedördül kilometre çenli ýeriň gürrüňi edilýär.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin 7-nji awgustda Howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini çagyryp, telewideniýede görkezilen çykyşyndan bu hüjümi “uly göwrümli prowokasiýa” diýip atlandyrdy. Russiýanyň ýokary derejeli harby serkerdesi, general Waleriý Gerasimow bu güýçleriň bir batalýonyň ululygynda, 1000 adam çemesi köp bolup biljekdigini aýtdy.

Kursk sebitiniň serhetýaka şäheri Sudjanyň ýaşaýjylary 8-nji awgustda telegramma gaharly wideo ýerleşdirip, Putiniň bu hüjümiň gerimi babatynda öz serkerdeleri tarapyndan aldawa salynýandygyny aýtdylar.

"Bu ýalanlar ýaşaýjylary öldürýär" diýip, bir aýal aýtdy. Harby serkerdeler "size ýagdaýyň gözegçilik astyndadygyny aýtdylar, ýöne şu gün bu etrapda uly söweşler barýar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Operasiýanyň maksady aýdyň däl we analitikler onuň uly taktiki üstünlik gazanmak ähtimallygynyň azdygyny aýdýarlar. Tejribeli batalýon batalýon möçberindäki bölümi öň hatardan o diýen aýdyň bolmadyk bir çozuşyna geçirmek kyn mesele: ukrain serkerdeleriniň ygtyýarynda erkekleriň ýa-da enjamlaryň çuň ätiýaçlygy ýok, Donbas frontunyň bölümleri ruslaryň ilerlemesiniň öňüni hut şu sebäpden alyp bilmedi.

Şeýle-de, Ukraina bu hüjüme başlamazyndan öň ol barada öz iň uly ýarag üpjünçisini, ABŞ-ny habarly etmedi.

Iýun aýynda, haçanda rus güýçleri Harkowyň demirgazyk-gündogarynda lokallaşdyrylan serhetaşa hüjümlerini güýçlenenlerinde, ABŞ administrasiýasy hemişelik syýasatyny ýumşatdy we Ukrainanyň ABŞ ýaraglaryny Russiýanyň içindäki rus nyşanalaryny urmak üçin ulanmaga ygtyýar berdi.

Öňünden duýduryş almandyklaryna garamazdan, adminstrasiýa bu hüjümi Birleşen Ştatlaryň has giň çäkdäki gadaganlygynyň bozulmagy hasaplamady diýip, ABŞ-nyň birnäçe resmisi aýtdy.

"Bu biziň syýasatymyza laýyk gelýär we biz Ukraina başdan özüni serhediň beýle ýüzünden gelýän hüjümlerden goranmagy üçin goldaw berdik" diýip, Pentagonyň metbugat wekili Sabrina Singh 8-nji awgustda aýtdy.

Kanaldan geçiş

Pokrowskdan takmynan 55 km demirgazyk-gündogarda, T-0504 awtoulag ýolunyň beýleki ujunda demirýol şamaçalaryna eýe bolan Kostýantyniwka ýerleşýär. Bu demir ýollar demirgazyk-günbatardan Slawýansk we Kramatorsk şäherine çenli uzalyp, ukrain güýçleriniň hassahanalaryny, serkerdelik postlaryny we beýleki möhüm infrastruktura desgalaryny içine alýan has berk goragly, ulurak şäherlere barýar.

Russiýa Kostýantyniwkany ele geçirmek isleýär, ýöne ony basyp almak üçin Moskwa güýçleriniň beýiklikde ýerleşýän, adam eli bilen gurlan suw ýoly – Siweerski Donets-Donbas kanaly bolan Çasiw ýar şäherini basyp almagy gerek. Bu kanal şäheriň esasy etrabyny gündogardaky Kanal etrabyndan bölüp, olaryň arasyndan geçýär.

Rus goşunlary iýun aýynda biraz Kanal etrabyny doly basyp alyp, ukrainalylaryň köp bil baglaýan tebigy goragyna, kanalyň özüne tarap ileri süýşdüler. Soňky aýlarda rus esgerleriniň kiçiräk toparlary kanaldan geçip, onuň günbatar tarapynda pozisiýa döretmäge synanyşdy. Başga rus bölümleri hem kanalyň demirgazygyndan we günortasyndan geçmäge synanyşdy.

Nyu-Ýork: Dowzah şäheri

Pokrowskiň gündogarynda bolsa, rus bölümleri, esasan, ukrainleriň Nýu-Ýorky ugrundaky pozisiýalaryna tarap basyş etdiler. Bu şäher köplenç New-York görnüşinde hem ýazylýar. Rus harby blogçylary 7-nji awgustda rus goşunlarynyň bu şäheriň bir etrabyna girendigini habar berdiler.

Nýu-Ýorkdaky rus hüjümi ukrain goragyna demirgazykda, rus goşunlarynyň kem-kemden öňe süýşýän Toretsk şäherinde has köp basyş edýär.

Toretsk şäherini ele almak Russiýa esasy sebit şäheri Donetsk we Horliwka, Makiýiwka we beýleki senagat ýerleri ýaly has giň we ýaýran şäher sebtine gözegçilik etmek mümkinçiligini berer diýip, dynç alşa çykan ukrain genaraly Serhiy Hrabski aýtdy.

Şeýle-de, Toretskiň ele geçirilmegi onuň demirgazyk-günbatarda, 22 km uzaklykda ýerleşýän Kostýantyniwka howp salýar.

“Bu ukrain pozisiýalarynyň doly bölünmegine sebäp bolarmy? Ýok, sebäbi ukrainalylar başga goranyş liniýalaryny hem gurmagy başardylar” diýip, ol aýtdy.

Syn gysgaldylyp çap edildi.