Sylagyny almaga barýan türkmen žurnalisti Aşgabatdan goýberilmedi

Soltan Açylowa. Arhiw suraty

“Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri garaşsyz žurnalist Soltan Açylowanyň Türkmenistandan goýberilmändigini, onuň 17-nji noýabr agşamy, sylagyny almak üçin Ženewa uçmakçy bolanda saklanandygyny habar berýär.

Soltan Açylowa 2021-nji ýylda hukuk goraýjylaryň halkara Martin Ennals sylagyna hödürlenen we finala çykan üç adamyň biri boldy.

Neşir žurnalistiň koronowirus pandemiýasy esasynda girizilen çäklendirmeler sebäpli ýurtdan çykyp bilmändigini we onuň Şweýsariýa baryp, Martin Ennals gaznasynyň edarasyndan öz sylagyny almak mümkinçiliginiň diňe häzir dörändigini belleýär.

Şeýle-de, žurnalistiň BMG-niň adam hukuklary boýunça ýokary komissary, “Serhetsiz habarçylar” guramasynyň wekilleri, birnäçe uniwersitetiň studentleri bilen duşuşygynyň meýilleşdirilendigi aýdylýar.

Emma gyzy Maýa bilen ýola çykan 74 ýaşly žurnalist, wizalarynyň we biletleriniň bardygyna garamazdan, Aşgabat aeroportunda geçirilen barlaglardan soň, “pasportlarynyň ulanyşa ýaramaýandygy üçin” diýlip yzlaryna gaýtaryldy.

“Eneli-gyz Açylowalaryň gözleriniň öňünde pasportlarynyň ähli sahypalaryny çygly süpürgiçler bilen öllediler we soň resminamalaryň ulanyşa ýarmaýandygyny aýtdylar’ diýip, TH ýazýar.

S.Açylowa ozal Azatlyk Radiosy bilen hem hyzmatdaşlyk edipdi we, häkimiýetleriň ýanamalaryna garamazdan, sem bolmajakdygyny aýdýar.

Türkmenistanda garaşsyz žurnalistler onlarça ýyl bäri ýanalýar, tussag edilýär, gorkuzylýar we kähalatda urlup-ýenjilip, gümürtik ýagdaýda heläk bolýar.

Emma muňa garamazdan, kanunlarynyň metbugat azatlygyny kepillendirýändigine garamazdan, resmi Aşgabat garaşsyz žurnalistleriň ýanalmagy, türmä basylmagy bilen bagly ýagdaýlary derňäp, jogapkär resmileri jogapkärçilige çekmegi zerur hasaplamaýar.

Degişli maglumat Ogulsapar Myradowanyň tussag edilenine 15 ýyl boldy. Žurnalistiň ölümi baradaky soraglar gün tertibinden aýrylmaýar