Şweýsariýa adam hukuklaryny bozýan belarus raýatlaryna garşy sanksiýa girizýär

Sürgün edilen Belarus oppozisiýa lideri Swýatlana Tsihanouskaýa (Illýustrasiýa suraty)

Şweýsariýa, Belarusyň 2020-nji ýyldaky jedelli prezident saýlawlaryndan bäri repressiýalara we adam hukuklarynyň bozulmalaryna gatnaşandygyna ynanylýan 27 belarus raýatyna garşy sanksiýa girizdi.

Sanksiýalarda nyşana alnan adamlaryň hataryna Içeri işler ministrliginiň ýokary derejeli işgärleri, türme resmileri, döwlet habar beriş serişdeleriniň işgärleri we kazylar girýär.

Şu aýyň başynda Ýewropa Bileleşigi 28 belarus raýatyny nyşana alýan şuňa meňzeş sanksiýalary girizdi.

Awtoritar dolandyryjy Alýaksandr Lukaşenka altynjy prezidentlik möhletini beren 2020-nji ýyldaky saýlawlardan soň, Belarusyň çäginde demokratiýa tarapdar demonstrasiýalar başlanypdy.

Demonstrasiýalar rehimsizlik bilen basylyp ýatyryldy.

Ondan soňky ýyllarda belarus häkimiýetleri demonstrasiýalara gatnaşan ýüzlerçe adamy tussag etdiler, öňe saýlanan aktiwistleri köplenç doly izolýasiýada sakladylar we köp tussaga ýeterlik medisina kömegini bermegi ret etdiler.