Suw joşmalary Gyrgyzystanyň kurort sebitinde onlarça jaýa zeper ýetirdi

Häzirki wagtda halas ediş toparlary zyýan ýeten sebitleriň köçelerini arasalamak işlerini geçirýärler.

18-nji awgustda Gyrgyzystanyň günortasyndaky Issyk-Kul kurort sebitiniň şäherlerinde we obalarynda, agyr ýagyşlaryň netijesinde dörän suw joşmalary we ýer süýşmeleri sebäpli, ýüzlerçe jaýa zeper ýetdi.

Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça gullugyň 19-njy awgustda Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, Issyk-kul kölüniň golaýyndaky şypahana toplumynyň onlarça binasyna hem zeper ýetipdir.

Munuň bilen baglylykda, Issyk-Kul we Ton etraplarynda adatdan daşary ýagdaý yglan edildi.

Häzirki wagtda halas ediş toparlary zyýan ýeten sebitleriň köçelerini arassalamak işlerini geçirýärler.

Şu ýazdan bäri Gyrgyzystanda agyr ýagyşlaryň netijesinde dörän suw joşmalary we ýer süýşmeleri sebäpli azyndan 25 adam heläk boldy.