Soňky alty aýyň dowamynda Russiýa girmäge rugsat berilmedik 3 müň 400 töweregi täjik migranty yzyna dolandy diýip, 24-nji iýulda Täjigistanyň Raýat awiasiýa agentliginiň direktory Habibullo Nazarzoda aýtdy.
Onuň sözlerine görä, täjik raýatlary Russiýa dokumentlerindäki bardygy aýdylýan meseleler sebäpli goýberilmändir.
Martyň aýagynda, 140 adamyň ölümine sebäp bolan, Moskwanyň söwda merkezine edilen terror hüjümi bilen ilteşikli bolmakda aýyplanyp, täjik raýatlarynyň tussag edilmeginden soň, Russiýada täjigistanly migrant işçiler barha köp gadagançylyklara, şol sanda syýahat çäklendirmelerine duçar boldular.