Şolz Merkezi Aziýa sapar edýär, Özbek migrasiýa şertnamasyna gol çekýär

Germaniýanyň kansleri Olaf Şolz

Adam hukuklaryna gözegçilik edýän halkara guramasy (HRW) Germaniýanyň kansleri Olaf Şolzy şu hepde post-sowet sebitiniň prezidentleri bilen duşuşanda adam hukuklary meselesini gozgamaga çagyrdy. Ol Merkezi Aziýada geçiriljek sammite gatnaşan ilkinji nemes kansleri hökmünde taryha girer.

Şolzyň üç günlük sapary 15-nji sentýabrda Özbegistanda migrasiýa şertnamasyna gol çekilmegi bilen başlandy we 16-17-nji sentýabrda Gazagystanda, bir ýyl öň Berlinde başlanan Merkezi Aziýa-Germaniýa formatynyň ikinji duşuşygy bilen dowam eder.

Şolz 15-nji sentýabrda günortan taryhy şäher Samarkantda gondy.

"German hökümeti sebitde adam hukuklary ýagdaýyny düýpli gowulandyrmak mümkinçiligini ulanmazdan Merkezi Aziýa bilen ýakyn aragatnaşyk gurýandan bolup bilmez" diýip, HRW aýtdy.

“Ýakynda geçiriljek sammit muny açyk-aýdyň etmek mümkinçiligini berýär" diýip, HRW sebitde dowam edýän hukuk meselelerine, "protest bildirmek we pikir beýan etmek hukugyny basyp ýatyrmak, aktiwistleri türmä basmak, tussaglykda gynamak, raýat jemgyýetine garşy basyş etmek, aýal-gyzlara garşy zorluk ulanmak, howpsuzlyk güýçleriniň eden-etdiliklerine çäre görülmezligi, erkin we adalatly saýlawlaryň bolmazlygy" ýaly ýagdaýlara ünsi çekdi.

Bu hepde geçiriljek sammitde esasan energiýa, giň ykdysady we ösüş gepleşiklerine üns berler diýlip garaşylýar. Şeýle-de, liderleriň Russiýa garşy girizilen halkara sanksiýalaryny ara alyp maslahatlaşmagyna garaşylýar.