Siriýanyň prezidenti Başar al-Asad we onuň maşgalasy Moskwa geldi diýip, rus diplomaty aýtdy. Bu habar gozgalaňçylaryň paýtagt Damasky ele geçirmegi we Asad maşgalasynyň rehimsiz, ýarym asyrlyk dolandyryşyny soňlamagy bilen utgaşdy.
Russiýanyň Wenadaky ilçisi Mihail Ulianownyň 8-nji dekabr güni giçlik sosial mediada beren habarynda häsiýetlendirmegine görä, "Asad we onuň maşgalasy", “kyn ýagdaýy” başdan geçirenlerinden soň, “Moskwa geldi”.
Rus metbugatynyň habaryna görä, Asada we maşgalasyna Moskwada gaçybatalga berildi. Baýden administrasiýasy bu maglumaty tassyklap bilmedi, ýöne muňa şübhelenmäge hiç hili sebäp görmeýändigini aýtdy.
Biraz öň Russiýanyň Daşary işler ministrligi Asadyň "ýaragly çaknyşyklara gatnaşýanlaryň birnäçesi" bilen geçirilen "gepleşiklerden" soň "işinden çekilmek" kararyna gelendigini we “häkimiýetiň parahatçylykly geçirilmegi barada görkezme berendigini” aýtdy.
Ministrligiň tassyklamagyna görä, "Russiýa bu gepleşiklere gatnaşmady".
Kreml biraz soň Siriýanyň prezidenti Başar al-Asada prezident Wladimir Putiniň hut özüniň Russiýada ýaşamak üçin syýasy gaçybatalga berendigini aýtdy.
Russiýa Siriýanyň uzak wagtlyk ýarany bolup, hususan-da bu ýurduň 2011-nji ýylda başlanan raýat urşy döwründe Asad režimini düýpli harby we syýasy goldaw bilen üpjün etdi.
Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň beýanaty gozgalaňçylaryň döwlet telewideniýesinde efire berlen beýanatyna, Damaskyň "indi Asaddan”, onuň maşgalasynyň ýurdy 1971-nji ýyldan bäri demir ýumruk astynda dolandyrmagyndan azat bolandygyny aýdan wagtyna gabat geldi.
Siriýalylar ýurduň dürli künjeklerinde toplanyp, Asadyň häkimiýetden çetleşdirilmegini baýram etmek üçin köçelere çykdylar, heýkelleri ýykyp, hökümet binalarynda talaňçylyk etdiler.
Sosial mediada paýlaşylan wideoýazgylarda, talaňçylyk habarlary bilen, Damaskdaky prezident binalaryna girýän köp sanly erkek görkezildi.
Siriýanyň premýer-ministri Muhammet Gazi al-Jalali wideo beýanat edip, hökümetiň "halk tarapyndan saýlanan islendik ýolbaşçy bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny" aýtdy.
"Biz Siriýanyň ähli siriýalylara degişlidigine we özüniň ähli ogullarynyň ýurdydygyna, bu ýurduň sebitleýin bileleşiklere we bloklara girmezden goňşulary we dünýä bilen gowy gatnaşyk gurýan adaty bir döwlet bolup biljekdigine ynanýarys" diýip, Jalali aýtdy.
Ol biraz soň, 8-nji dekabrda ýaragly adamlar bilen bilelikde öýünden çykdy we onuň Asad režimine garşy guralan soňky hüjüme ýolbaşçylyk eden sünni gozgalaňçy toparynyň, Haýat Tahrir al-Şamyň (HTŞ) ýolbaşçylary bilen duşuşjakdygy habar berildi.
HTŞ ABŞ we ÝB tarapyndan terror guramasy diýlip kesgitlenen topar bolup durýar. Yslamçy jeňçi topar soňky ýyllarda “Al-Kaýda” bilen gatnaşyklaryny kesdi we, Siriýanyň hökümetine pragmatiki alternatiwa hökmünde, özüni täzeden, üýtgedip gurmaga synanyşdy. Emma bu toparyň adam hukuklaryny bozmagy we, hamala, terrorçy toparlar bilen aragatnaşyk saklaýandygy baradaky aladalar saklanyp galýar.
HTŞ-iň lideri Abu Muhammet al-Jolani şaýy alawitlerini we Siriýanyň beýleki azlyklaryny, şol sanda hristian azlyklaryny kemsitmejekdigini aýdyp, olary ynandyrmaga, arkaýyn etmäge synanyşdy.
ABŞ YD-a garşy zarba urýar
Prezident Jo Baýden Waşingtonda çykyş edip, Birleşen Ştatlaryň ýurduň Asaddan soňky hökümete geçmegi bilen baglylykda "ähli Siriýa toparlary bilen işleşjekdigini" aýtdy.
Asady agdarmaga kömek eden gozgalaňçy toparlaryň käbiriniň soňky günlerde "dogry zatlary" aýdýandyklaryna garamazdan, ol bu toparlaryň adam hukuklarynyň depelenmegi meselesinde "özlerine degişli ýaramaz ýazgylarynyň" hem bardygyny duýdurdy.
"Olaryň öz üstlerine has uly jogapkärçiligi almaklary bilen, biz diňe bir olaryň sözlerine däl, eýsem hereketlerine-de baha bereris" diýip, Baýden 8-nji dekabrda Ak tamdan eden telewideniýe ýüzlenmesinde aýtdy.
Ol Birleşen Ştatlaryň “Yslam döwleti” (YD) ekstremist toparynyň, häkimiýet wakumyndan peýdalanyp, Siriýadaky dolandyryşyny gaýtadan dikeltmek üçin edip biljek işlerine ýakyndan gözegçilik etjekdigini aýtdy.
Baýden Birleşen Ştatlaryň şol gün irden Siriýadaky YD pozisiýalaryna takyk zarba urandygyny aýtdy.
ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinkeniň beýanatynda aýdylmagyna görä, Asad režiminiň 2011-nji ýyldan bäri "ygtybarly syýasy prosese gatnaşmakdan ýüz öwrüp, Russiýanyň we Eýranyň rehimsiz goldawyna bil baglamagy onuň özüniň gutulgysyz çöküşine alyp geldi”.
"14 ýyl dowam eden konfliktden soň, Siriýa halkynyň umyt etmegine sebäbi bar" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Baýden administrasiýasynyň ýokary derejeli resmisi soň žurnalistlere B-52 we F-15 kysymly uçarlaryň ulanylmagy netijesinde Siriýanyň gündogaryndaky YD nyşanalarynyň 75-sine "düýpli" zarba urlandygyny aýtdy.
"Bu ýigitler täzeden daýanmak isleýärler ... we biz, eger olar bu ýagdaýda ilerläp bileris öýtseler, muny edip bilmejekdiklerini görkezýäris" diýip, ýokary derejeli resmi aýtdy.
Russiýa üçin kynçylyk
Hünärmenler Assad režiminiň ýykylmagynyň, Tähran bilen birlikde, Siriýa hökümetine köp ýyla çeken raýat urşunda dowamly goldaw beren Kreml üçin düýpli geosyýasy kynçylyk bolandygyny aýdýarlar.
Düýbi ABŞ-da ýerleşýän Urşy öwreniş instituty (ISW), görnüşinden, Russiýa bilen Eýranyň goşmaça güýç iberip, ýokary tizlikde synýan Siriýa Arap Goşunyny (SAA) güýçlendirip bilmändigini aýtdy.
Baýden Russiýanyň Ukrainada üç ýyl töweregi wagt bäri dowam etdirýän urşy sebäpli mazaly gowşandygyny, Eýranyň sebitdäki wekilleriniň bolsa, Ysraýyl tarapyndan ysgyndan gaçyrylandygyny aýtdy.
Russiýanyň Siriýada 7500 çemesi esgeri we birnäçe harby bazasy, şol sanda Hmeimimdäki howa bazasy, Tartusdaky strategiki deňiz desgalary bar. Bu bazalar Kremliň Demirgazyk we Saharadan aşakdaky Afrika ýurtlarynda edýän hereketlerini goldamak üçin ulanylýardy.
Maglumat üçin aýdylsa, Türkmenistanyň şol wagtky prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2021-nji ýylyň 18-nji iýulynda jenap Başar al-Asady, gaýtadan saýlanyp, Siriýa Arap respublikasynyň prezidentiniň wezipesine täzeden girişmegi bilen tüýs ýürekden gutlapdy.