Düýbi Şweýsariýada ýerleşýän “Serhetsiz lukmanlar” (MSF) kömek topary 16-njy sentýabrda Russiýadaky işini ýapmaga mejbur edilendigini aýtdy.
"Russiýadaky işlerimizi ýürekden gynanmak bilen ýapýarys" diýip, toparyň Russiýa maksatnamasynyň ýolbaşçysy aýtdy. "Biziň guramamyzyň işi garaşsyzlyk, bitaraplyk, tarap tutmazlyk we lukmançylyk etikasy ýörelgelerine esaslanýar. Biz zerurlyklara esaslanyp kömek edýäris."
MSF Russiýada 1992-nji ýyldan bäri işleýärdi, ýöne awgust aýynda Adalat ministrliginden öz edarasynyň hökümetden aýry guramalaryň sanawyndan aýrylandygy barada hat alandygyny aýtdy.