Türkmenistanyň iň günortasynda, Owganystan bilen serhet ýakada ýerleşýän ilatly sebitleriň ýaşaýjylary üzňelikden we amatsyz ýaşaýyş-durmuş şertlerinden şikaýat edýärler.
Ýaňy-ýakynda Azatlyk Radiosynyň habarçylary öňki Serhetabat etrabynyň çetki obalaryna we ilatly nokatlaryna aýlanyp, ýerli ilatyň durmuş şertleri bilen tanyş boldular.
Mary welaýatynyň öňki Serhetabat etraby 2022-nji ýylyň noýabr aýynda prezidentiň karary bilen, Tagtabazar etrabyna birikdirildi.
Ýerli ýaşaýjylar soňky aýlarda bu sebitlerde yzygiderli çägeli harasatlaryň turýandygyny, ilatly nokatlaryň dowamly tozan astynda galýandygyny aýdýarlar. Sebitde birnäçe ýyl bäri dowam edýän gurakçylyk maldarçylyk bilen meşgullanýan hojalyklaryň güzeran şertlerine oňaýsyz täsir edýär.
“Öri meýdanlarynyň önümliligi ýyl-ýyldan pese gaçýar. Ot örtüginiň ýagdaýy yzygiderli ýaramazlaşýar. Mallar arryklaýar” diýip, bir mal eýesi Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berýär.
Degişli maglumat Tagtabazaryň ilaty ýaşlaryň arasynda duýdansyz ölümiň köpelmeginden aladalanýarÇöl ýerlerinde maldarçylyk hojalyklaryna niýetlenilip, suw guýulary gazylypdyr. Ýöne häzirki wagtda belli-belli sebitlerde işe girizilen üç-dört sany suw guýusyndan diňe bir sanysy işleýär.
“Mal sürülerini suwa ýakmak üçin, 15-20 kilometr töweregi ýol aşylýan halatlary bolýar. Bar bolan suw guýularynyň kenarlarynda oturdylan suw sorujy enjamlar işlemeýär” diýip, mal eýesi sözüniň üstüni ýetirdi.
Oba ýaşaýjylary ýerli häkimiýetleriň içerki oba hojalyk önümçiligini bökdeýän ýagdaýlary aradan aýyrmaga ýardam bermeýändiklerini aýdýarlar.
Öňki Serhetabat etraby ýurduň iň günorta nokady bolup, bu etrap, garaşsyzlykdan öň, tutuş Sowet Soýuzynyň iň günorta nokady hasaplanýardy.
Owganystanyň Hyrat welaýaty bilen serhetleşýän araçägiň aňyrsynda Turgundy owgan şäherçesi ýerleşýär. Türkmenistan bu sebitde geçen on ýyllyklaryň dowamynda günorta-gündogar goňşusy bilen arada demir ýol geçelgelerini gurdy.
Köne ady Guşgy bolan öňki Serhetabat etrabynyň ýaşaýjylary soňky wagtlarda özleriniň türkmen häkimiýetleri tarapyndan üzňeleşdirilýändigini, sebitden demir ýollary arkaly ýa-da gara ýollary arkaly welaýat merkezine ýa-da paýtagt Aşgabada aşmakda dürli kynçylyklara sezewar edilýändiklerini aýdýarlar.
“Serhetabatdan ugraýan ýolagçy otlusynda polisiýa işgärleri ýolagçylaryň el goşlaryny, sumkalaryny barlaýar” diýip, bir sebit ýaşaýjysy gürrüň berýär.
Şeýle-de, ol et, un we beýleki käbir azyk önümleriniň bir welaýatyň çäginden beýleki welaýata geçirilmegine rugsat berilmeýändigini aýdyp, sözüniň üstüni ýetirýär.
Degişli maglumat Aňzakda mallar gyrylýar, dag gerişlerindäki gar göçüşi zerarly müňlerçe goýun-geçi heläk boldy“Demirýollary” kompaniýasynyň gatnaw tertibine görä, Aşgabat bilen Serhetabat arada gündelik ýolagçy otly gatnawy ýola goýlupdyr.
Sebit ýaşaýjylary serhet ýakalaryndan gara ýollary arkaly, awtoulag bilen iri merkezlere syýahat etmegiň hem aňsat däldigini aýdýarlar. Serhet sebitlerinden ýola düşen awtomobil ulaglary Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň barlag nokatlary bilen “ýüzleşmeli bolýar” diýip, ýerli ýaşaýjylar aýdýar.
Türkmen-owgan serhedinde ýerleşýän öňki Guşgy etraby ýakyn taryhda çylşyrymly ykbaly başdan geçirdi. Bu sebit 1885-nji ýylda rus güýçleri bilen şol wagtky Owganystan emirliginiň arasynda turan söweşden soňra, rus patyşalygy tarapyndan ele geçirildi. 1901-nji ýylda Guşgy bilen Merwiň arasynda demir ýol gatnawy ýola goýuldy. 1960-njy ýylda demir ýol geçelgesi Owganystanyň Turgundy şäherçesine çenli uzaldyldy. 2018-nji ýylda Serhetabat-Turgundy demir ýol hyzmaty gaýtadan dikeldildi.
1930-njy ýylda TSSR-iň düzüminde Kuşkinskiý etraby esaslandyryldy, ýöne 1937-nji ýylda bu etrap ýatyryldy. 1977-nji ýylda gaýtadan dikeldilen Kuşkinskiý 1992-nji ýylda türkmenleşdirilip, Guşgy etrabyna öwrüldi. Soňra etraba Serhetabat ady dakyldy. 2022-nji ýylyň noýabrynda bolsa bu etrap ýatyrylyp, Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabyna birikdirildi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.