Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 6-njy ýanwarda geçiren hökümet mejlisinde ýurtda maglumat tehnologiýasy we kiberhowpsuzlyk boýunça ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi. Bu barada Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi (TDH) Ministrler Kabinetiniň ýygnagyna salgylanyp, habar berýär.
Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýewiň hasabatyna görä, Türkmenistanda öňdebaryjy sanly tehnologiýalar yzygiderli ornaşdyrylýar we kämilleşdirilýär.
Resmi maglumata görä, prezident Berdimuhamedow mejlisiň dowamynda ýurduň “kiberhowpsuzlygyny berkitmegiň döwrüň talabydygyny” belledi.
Ýygnakda ýurduň kiberhowpsuzlygyny berkitmek boýunça alnyp barylýan anyk çäreler agzalmady.
Türkmenistanyň hökümeti ilatyň Internet elýeterliligini, sanly giňişlikdäki maglumat azatlygyny berk çäklendirmekde tanalýar.
Halkara ylmy barlaglar Türkmenistanda 122 müňden gowrak internet salgysynyň petik astynda galýandygyny anyklady.
Degişli maglumat Türkmenistan global Internet toruna bagly bolmadyk Milli sanly toruny işläp düzýärSynçylara görä, ýurtda kiberhowpsuzlyk düşünjesi häkimiýetler nukdaýnazarynda köplenç Internet giňişliginiň berk gözegçilikde saklanylmagy hökmünde ileri sürülýär. Ýurtda iri sosial torlar we messenjerler, şol sanda Facebook, Instagram, Twitter, WhatsApp, Telegram we Viber ýaly ulgamlar petikli galýar.
Türkmenistan soňky ençeme ýyllaryň dowamynda ykdysadyýet, maliýe, transport we durmuş pudagyny digitallaşdyrmak ugrunda käbir tagallalary durmuşa geçirdi, şol sanda durmuş üpjünçiliginiň dürli ugurlary, döwlet kömek pullarynyň we zähmet haklarynyň tölegleri, bank amallary; halkara gümrük amallary; sebitara transport serişdeleriniň petek söwdasy; hem-de, gaz, suw we elektrik energiýasynyň tölegleri boýunça sanly mümkinçilikler döredildi. Döwlet edaralaryna degişli käbir ýüztutmalar sanly ulgama geçirildi.
Ýurtda 2017-nji ýylda Kiberhowpsuzlygyny üpjün etmek boýunça Döwlet maksatnamasy kabul edildi. 2019-njy ýylyň sentýabrynda Kiberhowpsuzlyk hakynda Türkmenistanyň kanuny tassyklanyldy. 2021-nji ýylyň fewralynda “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň ýanynda Döwlet Kiberhowpsuzlyk gullugy döredildi. Şol bir wagtda, ýurtda Kiberhowpsuzlyk boýunça ýörite döwlet topary hereket edýär. Bu döwlet toparynyň düzümi Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlislerinde prezident tarapyndan tassyklanylýar, ýöne düzümiň agzalary barada jemgyýetçilige açyk maglumat berilmeýär.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde 2021-nji ýylda Sanly tehnologiýalar we Kiberhowpsuzlyk fakulteti açyldy. Kiberhowpsuzlyk fakultetiniň resmi web sahypasy Google Chrome brauzerinde “howpsuz däl” diýen bellik bilen açylýar. Bu bolsa, kiberhowpsuzlyk fakultetiniň resmi web sahypasynyň howpsuzlygynyň üpjün edilmeýändigi barada pikir döredýär.
Degişli maglumat Türkmenistan “milli kiberözbaşdaklygy” goramak üçin, “Kiberhowpsuzlyk hakynda” kanun kabul edýärTürkmenistanyň hökümet resmileri halkara duşuşyklarda öz hyzmatdaşlary bilen kiberhowpsuzlyk ulgamynda ylalaşyklara we ähtnamalara gol çekýär. “Türkmenaragatnaşyk” agentligi bilen Özbegistanyň “Kiberhowpsuzlyk merkezi” unitar edarasy 2023-nji ýylyň oktýabrynda özara düşünişmek ähtnamasyna gol çekdiler. Türkmenistan Gazagystan, Azerbaýjan we Türkiýe ýaly hyzmatdaşlar bilen arada hem kiberhowpsuzlyk ulgamynda birmeňzeş ylalaşyklara gol çekdi.
Türkmenistanyň öňki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2019-njy ýylyň oktýabrynda Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen Aşgabatda geçiren duşuşygynyň yz ýany, Türkmenistanyň Russiýa bilen maglumat howpsuzlygy pudagynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrýandygyny aýtdy. Bu duşuşykda iki lider “maglumat howpsuzlygyny pugtalandyrmak” babatynda bilelikde beýanat bilen çykyş etdi.
Iki awtoritar ýurduň prezidentleri şonda dünýä bileleşigini maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny özygtyýarly döwletleriň içerki işine gatyşmak, terrorçylyk maksatlary, şol sanda kompýuter maglumatlaryna bikanun aralaşmak, zelel ýetiriji kompýuter programmalaryny döretmek, peýdalanmak we ýaýratmak bilen bagly jenaýatlary amala aşyrmak üçin ulanmagyň öňüni almak boýunça ähli zerur çäreleri görmäge çagyrdylar.
Şol bir wagtda, Türkmenistanyň hökümeti soňky birnäçe ýyl bäri özüniň global Internet toruna bagly bolmadyk Milli sanly toruny işläp düzýändigi aýdyp gelýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.