Sandu: Netijeler moldowanlaryň Ýewropa ýoluny dowam etdirmekde aýgytlydygyny görkezýär

Prezident Maýa Sandu

Prezident Maýa Sandu Moldowanyň Ýewropa integrasiýasyny goldamak üçin geçiren ýeňil bolmadyk ses berişliginiň netijeleri, dezinformasiýa we manipulýasiýa bilen bombalanmagyna garamazdan, moldowalylaryň Ýewropa Bileleşigini saýlandygyny subut edýär diýdi.

Sesleriň 99,68 göteriminden gowragynyň sanalmagy bilen, moldowalylaryň 50,45 göterimi ÝB üçin “hawa” sesini berdi.

Merkezi Saýlaw komissiýasy 21-nji oktýabrda bir gün öň geçirilen referendumyň, talap edilýän minimal çäkden geçmek bilen, bolup geçen hökmünde tassyklanandygyny aýtdy.

"Komissiýa referendumyň netijeleri barada konstitusiýa kazyýetine hasabat berer, ol öz gezeginde, 10 gün içinde plebissitiň netijelerini tassyklar ýa-da inkär eder" diýip, MSK aýtdy.