Samarkantda şampan şeraby. Geçen asyryň başynda, fransuzlaryň Merkezi Aziýa ekspedisiýasy

1906-1908-nji ýyllarda fransuz barlagçylary Russiýa we Merkezi Aziýa boýunça ekspedisiýa gaýtdylar. Olaryň işi tejribeli fotosuratçy tarapyndan dokumentleşdirildi, golaýda ol iş Parižiň muzeýinde sergä çykaryldy.

Fransuz barlagçysy Pol Pelliot 1906-njy ýylda, Russiýa we Merkezi Aziýa uzak wagtlyk ekspedisiýa ugramazyndan öň, ýolda hiç zada mätäçlik çekmezlik üçin alada edipdir.

Ýaraglardan, gaplanan etden we çadyrlardan başga-da, Coste-Folcher şampan şerabyndan 25 çüýşe we 30 litr konýagy ýanyna alypdyr.

Pol Pelliot (1878–1945)

Fransuz ekspedisiýasy ozal bu ýoly geçen günbatarly syýahatçylarynyň maslahatyna eýerip, "Russiýa we Hytaý Türkistany" ýoluna ugraýarlar. Alymlar sebiti öwrenmek üçin syýahat edip, köp ýagdaýlarda gadymy döwletleriň bahasyz sungat eserleriniň hem-de birwagtlar dünýäniň bu böleginde gülläp ösen medeniýetiň Ýewropa gelmegine sebäp bolupdyrlar.

Pelliotyň syýahaty ajaýyp suratlar sebäpli deňsiz-taýsyz derejä öwrülipdir, bütin ýoluň dowamynda, ol suratlar Şarl Nuett tarapyndan düşürilipdir. Bir ýarym müňden gowrak surat golaýda Pariždäki Milli Gündogar sungaty muzeýine (Musée Guimet) berildi we internetde çap edildi.

Aşakda şol geçilen syýahatdan, haýran galdyryjy suratlardan birnäçesini ýerleşdirýäris. Bular şol döwürdäki Merkezi Aziýany göz öňüne getirmäge mümkinçilik berýär hem-de rus imperiýasynyň ägirt düýpli özgerişlikleriň bosagasyndaky ýagdaýyny şekillendirýär.

Moskwa wokzalyndaky ýolagçylara garaşýan kireýkeşler

Imperatoryň Sankt-Peterburgdaky hökümetiniň rugsady bilen 1906-njy ýylyň iýul aýynda, fransuz ekspedisiýasy Moskwadan, Samarkanda (häzirki Özbegistan) ugrapdyr.

Mançžuriýadan gaýdyp gelýän rus goşunlary, 1906-njy ýylyň iýuny.

Şol döwürde rus imperiýasy 1905-nji ýylyň rewolýusiýasyndan we Ýaponiýa bilen bolan uruşdan soň, syýasy sarsgyny başdan geçirýärdi.

Daşkentde ýerli ýaşaýjylar suwa düşýärler. Fransuz ekspedisiýasynyň iki agzasy (sag gyrada) suwa düşýänleri synlaýarlar.

Fransuz syýahatçylary bir aýa golaý wagtlap, ýükleri — tonnalyk enjamlar we materiallar gümrükden geçip barlanýança, Özbegistany öwrenýärler. Soňra gündogara, häzirki Gyrgyzystana tarap ugraýarlar.

Samarkandyň taryhy merkezi bolan Registan meýdany, ony söwdagärleriň dükanlary doldurypdyr. Gümmezli jaý Şerdor medresesi bolmaly (ýokarda iki şiriň şekili bar).

Pelliot "ahyrsoňy rus ýaraglary ýoly arassalandan" soň, günbatarly barlagçylara barmaga elýeterli bolan Merkezi Aziýany "Merkezi Afrikadan kem bolmadyk, syrly sebit" hökmünde taryplaýar.

Ekspedisiýanyň häzirki Özbegistana gelmeginiň yz ýany alnan surat. Aşakda syýahatçylaryň ýerli ýaşaýjylaryň käbirine ýigrenjini aňladýan, "Garry tentek, Daşkent" diýen ýazgy bar.

Daşkentli adamyň portretiniň aşagynda, «Pis açan» diýen ýazgy bar.

Pelliot käbir sebäplere görä, ekspedisiýa ýolbaşçylyk etmäge dil ukybynyň bardygy sebäpli saýlanypdyr. Ol iňlis, rus, türk we hytaý dillerini bilipdir.

Şerdor medresesiniň üstünden, Samarkandyň merkezi böleginiň görnüşi

Pelliotyň ýolbaşçylygyndaky ekspedisiýa razylyk almak üçin, Pariž we Sankt-Peterburg arasynda, ýokary derejede gepleşik alnyp barlypdyr.

Ekspedisiýa Oşdaky lagerde, ýerli ýokary derejeli resmiler bilen duşuşýar.

Russiýanyň golastyndaky territoriýa girmegiň öwezine Sankt-Peterburg Pelliotdan (sag tarapda otyr) özi bilen Karl Gustaw Emil Mannerheými (suratda arkasyny öwrüp otyr) almagy talap edipdir. Şol wagt rus goşunyndaky ýaş polkownik içaly hökmünde, Hytaý hökümdarlygy astyndaky sebitlerden, barlag maglumatlaryny toplaýan eken.

Samarkantda ekspedisiýany imperatora gulluk edýän bäş ýaragly kazak (suratda) ugradypdyr.

Imperatoryň beren ýaragly garawullaryny Pelliot gowy kabul edipdir.

Ol: «Bu kazaklar hoşniýetli geldiler» diýip ýazypdyr. Bir kazak ýolda görjek täsinliginiň hatyrasyna «Ekspedisiýa öz hasabyna hem gatnaşmak isledi» diýýär.

Oşyň bir köçesi, arkada meşhur Süleýman dagy görünýär.

Ilkinji aýlarda barlagçylar täze arheologik açyş etmänsoň, ekspedisiýa hiç hili üstünlige eýe bolmandyr.

Pelliot bir kärdeşine şeýle hat ýazypdyr: «Size ýüzugra aýdyp bilerin, biz bu ýerde hiç hili täsin galdyryjy açyş etmedik. Bizden öň örän köp adam gelipdir: ýaponlar, nemesler, ruslar aňsat alyp bolýan zatlaryň ählisini öz eýeçiligine alypdyrlar».

Häzirki Gyrgyzystanyň daglyk sebitinde toýdaky gelniň suraty

Gara öýüň alnyndaky toý

Oşda demirçi ussa atyň aýagyna nal kakýar.

Ekspedisiýa häzirki Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň sebitlerinde birnäçe aý bolansoň, 1906-njy ýylyň ahyrynda, Hytaýa geçýär.

Ekspedisiýanyň agzalary Hytaýyň günbataryndaky Kaşgara atly aşýarlar.

Hytaýda fallos we swastika çekilen daşlar

Ekspedisiýany ugradýan kazaklaryň biri Ilýazow (ortada) Hytaýda sazly agşamda

Syýahatçylar Hytaýyň içindäki gadymy budda medeniýetiniň galyndylaryna duşup, ol tapyndylarda saklanypdyr hem-de gowakda gurlan ybadathanadan, müňlerçe hytaý golýazmasyny tapypdyrlar. Bu ekspedisiýanyň esasy açyşy bolupdyr.

Hytaýyň Sinjiang welaýatynda aýan edilen, Buddanyň durmuşyny şekillendirýän görnüş.

Birwagtlar köşgi bezän heýkeller

Ekspedisiýanyň Pariže getiren ýüki, tapyndylar salnan gutular.

Umumylykda ekspedisiýa üstünlikli diýip baha berlipdir. Pelliot Hytaý we Merkezi Aziýa boýunça meşhur bilermenleriň biri hökmünde abraý alypdyr.

Ekspedisiýa tamamlanandan köp wagt geçmän, fotosuratçy Şarl Nuett 41 ýaşynda, inçekeselden aradan çykýar.