Azatlygyň "Salam, Dogan!" programmasynyň bu gezekki sany Türkmenistanda ýaşlara 'berilmeýän' jynsy terbiýä bagyşlanýar. Türkmen hökümeti, hünärmenleriň aýtmaklaryna görä, öz gol çeken halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmezlik bilen, BMG-niň ýaşlara jynsy bilim berilmegi barada edýän haýyşlarynna otuz ýyl bäri gulak asmaýar.
“Saglyk” programmasyny we “Progres” fonduny esaslandyryjy Aýnabat Ýaýlymowanyň resmi maglumatlara salgylanyp aýtmagyna görä, Türkmenistanda 15-19 ýaşlaryndaky her müň ýaş gyzyň 22-si göwreli bolýar.
“Jynsy terbiýe – bu diňe bir çagalara, ýetginjeklere we ýaşlara däl-de, eýsem, olaryň ene atalaryna hem peýda etjek ylymlar ulgamydyr. Bu ulgam fiziki ýagdaýy, arassaçylyk, ahlak we etika, şahsy howpsuzlyk düzgünleri we hatda hukuklary barada maglumatlary öz içine alýar.”
Diňe ene-atalary däl, mugallymlar, lukmanlar, psihologlar, hukuk goraýjy edaralar ýaly birnäçe ugruň hünärmenlerini öz içine alýan jynsy terbiýe Sazlaşykly ösüş, Öz saglygyň we bedeniň barada tapawutly, köp taraplaýyn we ýokary hilli maglumat edinmek, Çagalyk funksiýalarynň kämilleşmegi; Özüňiň we töweregindäkileriň saglygy we abadançylygy barada alada edinmek we jogapkärçilik duýmak maksatlaryny yzarlaýar.
Emma bu jogapkärçilik, sosial media syzyp çykýan käbir wideolardan, jynsy gatnaşyk barada edilýän gürrüňlerden görnüşine görä, Türkmenistanda o diýen ýokary derejede duýulmaýar.
"Salam, Dogan!" programmamyzyň bu tema bagyşlanan birinji gepleşigini diňläp, öz pikirleriňizi aýtmaga çagyrýarys.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar