Türkmenistanda dowam edýän agyr işsizlik, adamlaryň maşgala eklemek, çagalaryny il deňinde okatmak, geljege taýýarlamak, şol sanda jaý, maşyn edinmek aladalary on müňlerçe enäniň zähmet migrasiýasyna gitmegine sebäp bolýar, çagalar enelerinde aýralykda ösýär. Bu mesele başga ýurtlarda hem bar. Ýöne dünýäniň beýleki ýurtlarynda, metbugat azatlygyna baglylykda, eneler bilen çagalaryň düşýän ýagdaýlary barada belli bir derejede gürrüň edilýär. Emma türkmen metbugaty bu meseläni agzap hem bilmeýär. Şol bir wagtda, sosial mediada edilýän gürrüňler türkmen migrantlarynyň ene we çaga aýralygy meselesinden uly alada galýandygyny görkezýär. Şunuň bilen baglylykda, Azatlyk “Salam, Dogan!” gepleşiginiň täze sanyny migrant eneler we olaryň çagalary baradaky meselä bagyşlady.
Gepleşikde telefon arkaly guralan söhbetdeşliklere ABŞ-dan türkmen analitigi Aýnabat Ýaýlymowa, Polşadan maşgala psihology Oksana Wlasowa, Türkiýeden aktiwist Dürsoltan Taganowa gatnaşdy.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar