Salam, Dogan! Türkmenistanda aýal-gyzlaryň sport bilen meşgullanmak mümkinçiligi “örän çäkli bolmagynda galýar”

Türkmenistanda döwlet derejesinde geçirilýän köpçülikleýin sport çäreleriniň birine gatnaşýan talyp gyzlar (Illýustrasiýa suraty)

Azatlyk Radiosynyň “Salam, Dogan!” gepleşiginiň bu gezekki sany Türkmenistanda aýal-gyzlaryň sport bilen meşgullanmak, sporty kär hökmünde saýlap almak mümkinçiliklerine we bu babatda ýüzbe-ýüz bolýan bökdençliklerine bagyşlanýar.

Häzirki wagtda Fransiýanyň paýtagty Parižde Olimpiýa oýunlary dowam edýär. 24-nji iýulda başlan we 11-nji awgustda tamamlanýan bu ýylky oýunlarda Türkmenistana jemi alty, şol sanda üç zenan we üç erkek türgen wekilçilik etdi. Duşuşyklaryň ilkinji tapgyrlarynda üstünlikli çykyş eden türgenleriň arasynda ýurda medal getiren bolmady.

Bu ýylky oýunlarda, hususan-da, Mekrezi aziýaly zenan sportçylary, olaryň gazanan üstünlikleri has köp üns merkezinde boldy, we Merkezi Aziýanyň adatça patriarhal jemgyýetinde zenan sportçylarynyň meselesini gün tertibine getirdi.

28-nji iýulda özbegistanly dzýudoçy Diýora Keldiýorowa 52 kg agram derejesinde çykyş edip, köp umyt bildirilen ýaponiýaly türgen Uta Abeden üstün çykdy we bu ýylky oýunlarda öz ýurduna ilkinji altyn medaly getirdi.

Bellesek, Uta Abe 2021-nji ýylda Tokioda geçirilen Olimpiýa oýunlarynda altyn medala eýe bolupdy. Şeýle-de, ol dzýudo boýunça dünýä çempionatynda dört gezek altyn medala mynasyp boldy we 2019-njy ýyldan bäri ýeňlişe sezewar bolmandy.

Özbegistanly dzýudoçy Diýora Keldiýorowa ýeňşiň yz ýanyndan eden çykyşynda “Bu medal, ähli zenanlar üçindir. Bu medal ähli zenan türgenler üçindir diýip hasaplaýaryn” diýdi.

Türkmenistanly zenan türgenleriň arasynda hem dünýä derejesinde sportda üstünlik gazananlary bolup, olaryň hatarynda Türkmenistana Olimpiýa oýunlarynda garaşsyzlyk taryhynyň ilkinji medalyny getiren, ýagny Tokio 2020 Olimpiýa oýunlarynda agyr atletika boýunça çykyş edip, kümüş medala mynasyp bolan türkmen sportçysy Polina Gurýewa, şeýle-de, sambo boýunça iki gezek dünýä çempiony bolan Gülbadam Babamyradowa, “Antalýa Grand Slam 2024” ýaryşynda bürünç medal alan türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa dagyny agzap bolar.

Pardaýewa Parižde geçirilýän Olimpiýa oýunlaryna hem gatnaşyp, 29-njy iýulda geçirilen 57 kg agram derejesindäki ilkinji duşuşygynda, hytaýly Saý Sinden üstün çykdy we bäsleşigiň 1/8 tapgyryna çykdy. Emma nobatdaky duşuşykda braziliýaly dzýudoçy Rafaela Silwadan ýeňildi.

Eýse, zenanlaryň hak-hukuklaryny çäklendirmekde tankytlanýan Türkmenistanda aýal-gyzlaryň sport bilen meşgullanmak, sporty kär hökmünde saýlap almagy üçin nähili mümkinçilikler ýa-da bökdençlikler bar?

Gepleşikde Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň Türkmenistanyň dürli sebitlerinden iberen maglumatlaryny, “Saglyk” programmasyny we “Progres” fonduny esaslandyryjy, türkmen aýal-gyzlarynyň meselelerini içginden yzarlaýan Aýnabat Ýaýlymowa bilen geçiren söhbetdeşligimizi diňläp bilersiňiz.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Diňle: Salam, Dogan! Aýal-gyzlaryň sport bilen meşgullanmak mümkinçiligi "örän çäkli bolmagynda galýar"

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.