Azatlyk Radiosynyň “Salam, dogan!” gepleşiginiň ikinji sany efire çykdy.
Bu programma Türkmenistanda aýallaryň erkekler bilen kanundaky we durmuşdaky deňligi, olaryň öz hak-huklary baradaky pikir-düşünjeleri, zenanlaryň öz hukuklaryny talap etmek mümkinçiligi, maşgalanyň we jemgyýetiň öňündäki borçlary hem-de jemgyýetdäki orny ýaly, türkmen metbugatynda kän gozgalmaýan meselelere gönükdirilýär.
Gepleşigiň hemişeki myhmany "Saglyk" programmasynyň we "Progres" fondunyň esaslandyryjysy Aýnabat Ýaýlymowa.
Ýörite gepleşigiň ikinji sany türkmen wekiliýetiniň Zenanlara garşy kemsitmelere gary görülýän çäreler boýunça beren nobatdaky hasabatyna bagyşlandy.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar