Saglyk işgärleriniň gününde saglyk işgärlerinden mejbury pul toplanyp, olara sowgatlar satyn alynýar

Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan.

Türkmenistanda 10-njy oktýabrda bellenip geçilýän saglyk işgärleriniň güni mynasybetli, lukmanlardan we şepagat uýalaryndan mejbury pul serişdeleri toplanyp alynýar. Bu pullara sowgatlar satyn alnyp, saglyk işgerleriniň özlerine gowşurylýar.

Şeýle ýagdaý şu wagta çenli Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki köpugurly hassahanasynda we birnäçe saglyk öýlerinde bolup geçdi.

“Hünär baýramçylygymyz mynasybetli, her işgärden sowgat üçin 100 manat, çäreler üçin 30 manat möçberinde pul serişdeleri ýygnalyp alyndy” diýip, sebitdäki saglyk edarasynyň bir işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

“Biziň özümizden pul ýygnap, özümize sowgat satyn alyp gowşurýarlar” diýip, beýleki bir işgär aýtdy.

Türkmenistanda her ýylyň 10-njy oktýabrynda Saglyk işgärleriniň güni bellenip geçilýär. Bu mynasybetli döwlet gözegçiliginde bir topar çäreler geçirilýär. Galyberse-de, saglyk pudagyna degişli desgalaryň açylyş dabaralary hem köplenç bu senä gabat getirilýär.

Degişli maglumat Paýtagtyň birnäçe hassahanasynda MRT barlagyndan gecip bolmaýar

Döwlet habarlar agentligine görä, 9-njy oktýabrda saglyk işgärleriniň hünär baýramçylygy mynasybetli Aşgabat şäherinde 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi hem-de 250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy kliniki merkezi açylyp ulanylmaga berlipdir. Açylyş dabaralaryna Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşypdyr.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Balkan welaýatynyň saglygy saklaýyş edaralarynda tapawutlanan işgärlere Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň welaýat bölümi tarapyndan sylaglaryň gowşurylýandygyny, ýöne bu sylaglaryň saglyk işgärleriniň öz pullaryna satyn alynýandygyny habar berýär.

Tapawutlanan işgärleriň hatarynda käbir lukmanlar we şepagat uýalary sylaglanýar.

“Bize sowgat bermekden geçen, biziň özümizden pul toplap, sowgat satyn alýarlar we bu sowgatlary biziň özümize gowşurýarlar” diýip, balkanly saglyk işgäri aýdýar.

Özleriniň hünär baýramçylygynyň bellenilýän gününde saglyk işgärleri amatsyz iş şertlerinden hem-de zähmet haklarynyň pes bolmagyndan şikaýat edýärler.

Bulardan başga-da, olar hojalyk hasaplaşygy şertlerinde özleriniň aýlyklaryndan üznüksiz tutulýan tutumlaryň öz býujetlerine agram salýandygyny aýdýarlar.

“Hojalyk hasaplaşygynda işleýän ýokary bilimli lukmanlaryň köpüsiniň zähmet haklary bir müň manatdan sähelçe köpräk. Soňky ýyllarda adamlaryň saglyk işgärlerine bolan ynamy gaçyp barýar, döwlet tarapyndan lukmanlara ýeterlik aýlyk tölenilmeýär, galyberse-de saglyk işgärleri döwlet guramaçylygynda geçirilýän çärelere mejbury çekilýärler” diýip, saglyk işgärleri aýdýar we bu ýagdaýlaryň il saglygyna zarba urup, lukmanlary işden sowadýandygyny sözüniň üstüne goşýar.

Saglyk işgärleriniň zähmet haklarynyň pes bolmagy we yzy üzülmeýän tutumlar “olaryň hassalardan aklyk soramagyna-da sebäp bolýar” diýip, bir saglyk öýündäki şepagat uýasy aýdýar.

Bu aralykda, döwlet media serişdeleri açylyp ulanylmaga berilýän täze-täze saglyk desgalaryny mahabatlandyryp, hökümetiň saglyk syýasatyny wasp edýär.

Ýöne täze-täze hassahanalar, saglyk öýleri we ylmy-kliniki merkezler açylyp ulanylmaga berilýän Türkmenistanda raýatlar ýurt içinde saglyk hyzmatlarynyň hiliniň pes bolandygyny ýa-da bahalaryň elýeter bolmandygyny aýdyp, Özbegistan, Eýran we Hindistan ýaly ýurtlarda saglyk bejergilerini almaga ýykgyn edýärler.

Degişli maglumat Medisina syýahatçylygynyň meşhurlygy artýar. Türkmen raýatlary näme üçin Özbegistany saýlaýarlar?

Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýaňy-ýakynda Lebap we Daşoguz welaýatlarynyň ýaşaýjylarynyň arasynda saglyk syýahatçylygy babatynda Özbegistanyň has köp meşhurlyk gazanyp başlanandygyny habar berdiler.

Şonda ýurduň gündogar we demirgazyk sebitlerinde habarçylarymyz bilen gürrüňdeş bolan ýerli ýaşaýjylar Türkmenistanda kadaly medisina hyzmatlarynyň köpçülige elýeterli bolmandygyny, keselhanalarda tejribeli lukmanlaryň ýetmezçilik edýändigini, saglyk edaralarynyň zerur enjamlar bilen ýeterlik derejede üpjün edilmeýändigini, derman ýetmezçiliginiň saklanyp galýandygyny hem-de saglyk tölegleriniň kesgitsiz we gymmat bolandygyny aýtdylar.

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow hünär baýramçylygy mynasybetli saglyk işgärlerine iberen gutlag hatynda ýurduň “saglygy goraýyş ulgamynda uly üstünlikleriň gazanylandygyny, täze-täze lukmançylyk edaralarynyň işe girizilendigini” aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.