Russiýanyň Sumy hüjüminde 6 adam, şol sanda 1 çaga öldi

Raketa hüjüminden soňky ýagdaý

Russiýanyň öten agşam Ukrainanyň Sumy sebitiniň Hluhow şäherine uran täze zarbasynda alty adam, şol sanda bir çaga ölüp, 12 adam ýaralandy.

Bu hüjümde şäherdäki umumy ýaşaýyş jaýy nyşana alyndy diýip, sebitiň harby administrasiýasy 19-njy noýabrda, irden habar berdi.

Häkimiýetler halas ediş işleriniň dowam etdirilýändigini we harabalygyň aşagynda galan adamlaryň hem bolup biljekdigini aýtdylar.

Bir gün öň, 18-nji noýabrda Russiýa serhedinden 40 km uzaklykda ýerleşýän Sumy şäherine urlan zarba bir ýaşaýyş binasyny weýran edip, 11 adamyň, şol sanda iki çaganyň ölümine, 89 adamyň ýaralanmagyna sebäp boldy diýip, häkimiýetler aýtdy.