Russiýanyň sudy AÝ/AR žurnalisti Kurmaşewany 6.5 ýyl tussaglyga höküm etdi - AP

Alsu Kurmaşewa kazyýet diňlenişiginde (arhiw suraty)

Russiýanyň sudy Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň baýry žurnalisti, ABŞ we rus goşa raýaty Alsu Kurmaşewany 6,5 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi. Bu barada Associated Press 22-nji iýulda habar berdi.

Sud Kurmaşewany Russiýanyň harbylary barada ýalan maglumat ýaýratmakda günäli tapdy.

Maglumata görä, Kurmaşewa 19-njy iýulda Kazanda gizlin ýagdaýda geçirilen kazyýet diňlenişiginde höküm çykarylypdyr.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy, şeýle-de ABŞ-nyň hökümeti Kurmaşewa garşy aýyplamalaryň, onuň Pragada media serişdesinde žurnalist bolup işläni üçin, ar almak maksady bilen ýöňkelendigini aýdýarlar.