Rus premýer-ministri Mişustin Aşgabada sapar edýär

Mihaýil Mişustin (arhiw suraty)

24-nji maýda Russiýanyň premýer-ministri Mihaýil Mişustin Aşgabada sapar edýär.

Ol Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşar. Bu Mişustiniň 10-njy maýda Russiýanyň premýer-ministri wezipesine gaýtadan saýlanmagyndan soň, onuň daşary ýurda amala aşyrýan ilkinji saparydyr.

Resmi maglumatda 24-nji maýda geçjek mejlisiň dowamynda GDA-nyň çägindäki söwda-ykdysady gatnaşyklaryň derwaýys meselelerine, şeýle-de energetika we transport, ekologiýa ýaly ugurlaryň taslama dokumentlerine garaljakdygy aýdylýar.

Mişustin soňky sapar Aşgabada 2023-nji ýylyň ýanwarynda, Türkmenistan-Russiýa biznes-forumyna gatnaşmak üçin gelipdi.