Russiýanyň oktýabrda her gün 1500 adam çemesi ýitgi çekendigi aýdylýar

Oktýabr, pida meselesinde, Russiýanyň ukrain urşy başlanaly bäri iň agyr aýy boldy, bu aýda her gün ortaça 1500 töweregi rus esgeri öldürildi ýa-da ýaralandy diýip, Angliýanyň goranyş ştabynyň başlygy Toni Radakin aýdýar.

Moskwa uruşda ölenleriň sanyny aýtmaýar. Radakin, Moskwanyň döwlet çykdajylarynyň 40 göteriminden gowragyny goranmak we howpsuzlyk çärelerine sarp edýändigini we munuň ýurda “ägirt uly agram” salýandygyny aýtdy.

Rus resmileriniň 10-njy noýabrda beren habaryna görä, Ukraina Moskwany nyşana alyp, onlarça dron uçurdy we paýtagtyň üç howa menziliniň wagtlaýyn ýapylmagyna sebäp boldy. Rus resmileri munuň Kiýew tarapyndan Moskwa 2022-nji ýylyň fewral aýynda başlanan urşuň başyndan bäri edilen iň uly hüjümleriň biri bolandygyny aýtdylar.

Russiýa öten agşam Ukraina 145 pilotsyz uçar bilen hüjüm etdi, bu uruş başlanaly bäri bir gijede edilen iň uly hüjüm diýip, Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski aýtdy.