Russiýanyň iň baý zenany Tatýana Bakalçugyň adamsy Wladislaw Bakalçuk, ýurduň iň iri onlaýn söwda ulgamy Wildberries kompaniýasynyň edarasynda bolan adam pidaly ok atyşlykdan soň, 48 sagatlap saklandy.
19-njy sentýabrda Bakalçugyň aklawçysynyň beren maglumatyna görä, mundan bir gün öň bolan gazaplylykdan soňra, onuň müşderisine adam öldürmek, adam öldürmäge synanyşyk, kanun goraýjy ofisere hüjüm etmek, şeýle-de “şahsy hukuky zor bilen eýelemek” aýyplamalary bildirilipdir.
Aklawçy Bakalçugyň aýyplamalaryň ählisini ret edendigini we bulary “manysyz” atlandyrandygyny hem sözüne goşdy.
Aklawçynyň sözlerine görä, Bakalçuk 18-nji sentýabrda Wildberries kompaniýasynyň edarasyna öz adamlary, şol sanda aklawçysy bilen iş meselelerini maslahat etmek üçin gelendigini aýdýar.
Ýedi çagasy bolan Bakalçuklar maşgalasy häzir aýrylyşmak prosessini geçýärler.
Wildberries kompaniýasynyň edarasynda bolan ok atyşlykda iki sany howpsuzlyk işgäri öldi, şeýle-de ýedi adam, şol sanda iki polisiýa ofiseri ýaralandy.