Russiýanyň güýçleri Ukrainanyň ýene bir obasyny eýeledi – Goranmak ministrligi

Soňky günlerde Russiýa Ukrainanyň Toretsk şäherine dowamly zarbalary urýar.

Russiýanyň güýçleri Ukrainanyň günorta-gündogar sebitindäki kiçi bir obany eýelediler diýip, Goranmak ministrligi mälim etdi.

14-nji iýulda ýaýradylan beýanata görä, Donetsk şäheriniň demirgazygyndaky Mokryý Ýaly derýasynyň boýundaky Urožaýne obasy we başga-da birnäçe ilatly punkt rus güýçleriniň gözegçiligine geçipdir.

Ukrainanyň resmileri bu beýanaty entek kommentirlemediler.

Ukrain güýçleri 1 müň 200 kilometrlik front çyzygy boýunça rus goşunlaryny saklamak ugrunda tagalla edýärler.

Häzirki wagtda iň agyr çaknyşyklar Donetskiň we Çasiw Ýar sebitiniň demirgazygyndaky Toretsk şäherinde barýar.